Habarlar

TNGIZT-de ýeňil nebit önümleriniň işlenip taýýarlanylyşyny artdyrjak täze desganyň gurluşygy tamamlanýar

https://ussatnews.com/storage/posts/2543/original-161c1835b649c7.jpeg

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) Haýalladylan kokslaşdyrma we gudronyň deasfaltizasiýasy desgalar toplumynyň gurluşygy tamamlanýar.

Täze desga zawoddaky ähli agyr galyndylary (gudronlary, nebitşlamlaryny, asfaltlary we beýleki galyndy önümleri) has ýeňil nebit önümlerine (benzin, dizel ýangyjy) we elektrod koksuna gaýtadan işlemek üçin niýetlenendir.

«Westport Trading Europe Limited» kompaniýasynyň hünärmenleriniň Haýalladylan kokslaşdyrma we gudronyň deasfaltizasiýasy desgalar toplumynyň işi tutuş zawodyň ykdysady hem-de ekologiýa taýdan netijeliligine oňyn täsir eder. Netijede, desga ýeňil nebit önümleriniň — awtomobil benzininiň, dizel ýangyjynyň, suwuklandyrylan gazyň (suwuklandyrylan gazy soňlugy bilen polipropilene gaýtadan işlemek) işlenilip taýýarlanylmagyny artdyrmaga mümkinçilik berer.

Toplumyň gurluşygynda bu görnüşdäki desgalar üçin niýetlenen iň kämil tehnologiýalar ulanylýar. Umuman, senagat taýdan alnanda Haýalladylan kokslaşdyrma we gudronyň deasfaltizasiýasy desgalar toplumda Russiýada, Ýewropada, ABŞ-da synagdan geçirilen tehnologiýalar ulanylar.

Geljekki sehde işlemek üçin hünärmenleri taýýarlamak üçin toplumda işlemek boýunça tehnologik trenažýory işläp taýýarlamak meýilleşdirildi. Bu trenažýor sehiň gurluşygy tamamlanýança we ulanyşa girizilýänçä operatorlara «wirtual» işlemegi öwretmäge mümkinçilik berer. Bu hili çemeleşme onuň ulanyşa girizilmeginde howpsuzlygyny ýokarlandyrar.

Türkmenistanda TNGIZT-niň binýadynda häzirki zaman, ýokary tehnologik we netijeli önümçilik zynjyrlarynyň döredilmegi «Türkmenistanda nebitgaz ulgamyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli maksatnamasyndaky» wezipelere laýyk gelýär. Maksatnamanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýurtda ýokary hilli nebit önümleriniň önümçilik möçberlerini artdyrmak bolup durýar.

Netijede, 2016-njy ýylda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda ýol bitumyny öndürmek boýunça döwrebap tehnologik desga işe girizildi. Türkmen nebitinden iň täze tehnologiýa «Westport Trading Europe Limited» kompaniýasy tarapyndan işlenilip düzüldi. Bu tehnologiýa dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýol bitumyny almaga mümkinçilik berýär.

Başga habarlar
16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.


16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.

16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.