Körpeje gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri belent sepgitleri eýeleýärler
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň Körpeje gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri 2021-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary öndürijilikli gaz ýataklaryndan tebigy gaz çykarmakda ýokary netijeleri gazandylar.
Hereket edýän guýulardan «mawy ýangyjyň» çykarylyşy 11 aýda 2 mlrd 531 mln kub metre barabar boldy, meýilnama 165 göterim ýerine ýetirildi.
Belläp geçsek, geçen döwürde konsern boýunça çykarylan tebigy gazyň umumy möçberiniň üçden iki bölegi körpejeli gazçylaryň paýyna düşýär. 1998-nji ýyldan bäri hereket edip gelýän müdirligiň işgärleri ýylyň-ýylyna ýokary zähmet üstünliklerini gazanýarlar. Müdirlik Körpeje, Çekiçli, Altyguýy ýataklarynda hereket edýän guýulardan tebigy gazyň çykarylyşyny, taýýarlygyny we sarp edijileri iberilmegini amala aşyrýarlar.
Häzirki wagtda bu ýerde 750-den gowrak hünärmen zähmet çekýär. Ulanylýan enjamlar we kompýuter ulgamlary ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýanyň häzirki gazananlaryna laýyk gelýär. Bu bolsa ýokary zähmet üstünliklerini gazanmaga we sarp edijileriň hem-de sebitiň senagat desgalarynyň tebigy gaza islegini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Çekiçler meýdançasynda şeýle hem näsazlyklary aradan aýyrmak boýunça gulluk netijeli hereket edýär. Bu ýerde gazyň pes temperaturaly separasiýa desgasynda her günde «mawy ýangyjyň» 5 mln kub metrine çenli öçberi taýýarlanylýar.
Akpatlawuk, Keýmir we Çekişler meýdançalarynda gazy ýygnamak, taýýarlamak we sarp edijilere ugratmak boýunça ölçeg enjamlary, elektroenergetika we awtomatika enjamlary netijeli peýdalanylýar. Körpejede kyrkdan gowrak, Çekişlerde — ýigrimi alty, Altyguýuda bolsa bäş sany guýy hereket edýär. Ýylyň başyndan bäri 11 sany guýuda düýpli abatlaýyş işleri geçirildi, bu bolsa, öz gezeginde «mawy ýangyjyň» çykarylyşynyň artmagyna ýardam etdi.
Hereket edýän guýulardan alnan gaz arassalanandan we doly taýýar edilenden soň «Türkmennebit» DK-nyň «Gamyşlyjanebit» we «Keýmir» nebitgazçykaryş müdirligine, şeýle hem «Türkmengaz» DK-nyň «Günbatargazakdyryş» Balkanabat kärhanasyna iberilýär.
Müdirligiň hünärmenleri ýylyň ahyryna çenli, mümkin boldugyça, işleriň uly göwrümini ýerine ýetirmegi meýilleşdirýärler. Tebigy gazy çykarmak boýunça meýilleşdirilen — 1,7 mlrd kub metr görkeziji iki esse artdyryldy.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.