Gazturbinaly elektrik bekediniň açylmagy Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň 2021-nji ýylda hyzmatdaşlygynyň möhüm netijeleriniň biri — ilçi
Sentýabr aýynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda Ýaponiýa tarapyndan gurlan gazturbinaly elektrik bekediniň açylyp ulanylmaga berilmegi geçen ýylda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Bu barada Ýaponiýanyň Aşgabatdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýamamoto Hiroýuki Täze ýyl mynasybetli Türkmenistanyň ilatyna iberen Gutlagynda belläp geçýär. Gutlag ilçihananyň resmi saýtynda neşir edildi.
Diplomatyň belleýşi ýaly, bu gazturbinaly bekediň açylyş dabarasyna Türkmenistana sapar bilen gelen Ykdysadyýet, söwda we senagat Döwlet ministri Edzima Kiýosi gatnaşdy.
Şeýle hem ilçiniň belleýşi ýaly, täze gazturbinaly elektrik beket türkmen tebigy gazyny ýapon tehnologiýalary esasynda gaýtadan işleýär we elektrik energiýasyny diňe ýurduň içine däl, eýsem, Owganystana we Özbegistana hem iberýär.
Gutlagynda jenap Hiroýuki geçen ýylyň jemlerini jemledi, şeýle hem şu ýyl üçin meýilleri gürrüň berdi.
Şeýlelikde, ilçi «täze görnüşli koronawirus ýokanjynyň global derejede ýaýramagy zerarly 2021-nji ýylyň örän çylşyrymly bolandygyny, emma muňa garamazdan, Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň özara gatnaşyklarynyň durnukly ösýändigini, muňa ýylyň wakalarynyň şaýatlyk edýändigini» belledi.
Ykdysady hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm netijeleriniň hatarynda diplomat wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa saparyny belledi. Bu saparyň barşynda Türkmenistana KOMATSU gurluşyk tehnikalaryny we TOYOTA taksilerini we awtobuslaryny ibermek taslamalarynyň resminamalaryna gol çekildi.
Ýatlatsak, 2022-nji ýylda Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar diýip belläp, ilçi «şu ýylda köp sanly çäreleri geçirmegi meýilleşdirýändiklerini, şol sanda 30 ýyllyk ýubileýe bagyşlanan medeni çäreleri meýilleşdirýändiklerini belledi. Men, şu pursatdan peýdalanyp, türkmenistanlylaryň ählisiniň ýaponiýanyň medeniýeti we sungaty bilen tanyşlykdan lezzet almaklaryny isleýärin» diýip ilçi belledi.
Ýamamoto Hiroýuki Gutlagynda belleýşi ýaly, ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek üçin ähli tagallalaryny etjekdigine ynandyryp, Türkmenistan tarapyndan hyzmatdaşlyga ýardamyna umyt bildirdi.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.