Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Tähran şäherinde gulluk iş saparynda bolar
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça iş duşuşyklaryny geçirmek üçin Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Astana ugradylar: Maksat — ABŞ-daky dünýä finaly
Ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylarynyň 10-sy Gazagystanyň Astana şäherine ugradylar. Olar 2026-njy ýylyň 10-13-nji fewraly aralygynda geçiriljek FTC (FIRST Tech Challenge) çempionatynyň sebitleýin tapgyryna toparlaýyn esasda gatnaşarlar.
Ýanwar aýynyň jemlerine garaldy
7-nji fewralda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň 2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň jemleri maslahatlaşyldy
6-njy fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.
Kitap - bilimiñ açary
Halkara senagatçylar we telekeçiler euniwersitetinde Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly ajaýyp gymmatly eserleriniň ähmiýeti barada “Kitap – bilimiň açary” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Behişdi bedewleriñ waspy
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Behişdi bedewleriň döredijilikde we sungatda waspy” atly aýdym-sazly medeni çäresi geçirildi.