Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder
OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.
Al-Gaýs 2017-2021-nji ýyllarda OPEC-de Kuweýte wekilçilik etdi, häzirki wagtda ol Kuweýtiň Kuwait Petroleum Corporation (KPC) döwlet kompaniýasynyň marketing boýunça dolandyryjy direktorynyň orunbasary bolup durýar.
2021-nji ýylyň dekabrynda OPEC-iň däp bolan ýarymýyllyk maslahatynda ministrler 2022-nji ýylyň awgustynda wezipe ygtyýarlyklary tamamlanýan Mohammed Barkindo derek täze baş sekretar saýlap bilmediler.
Bloomberg agentliginiň wekillere salgylanyp habar berşi ýaly, duşuşygyň barşynda Saud Arabystany baryp şol wagt täze baş sekretar saýlamagyň zerurlygy barada nygtapdy, emma Yrak tarapyndan bu pikir ret edildi. Öz dalaşgärlerini Yrak we Kuweýt hödürledi.
OPEC maslahaty adatça baş sekretary üç ýyl möhlete saýlaýar we bu möhleti ýene-de bir gezek uzaldyp bilýär. Barkindo OPEC-iň baş sekretary wezipesine 2016-njy ýylyň tomsunda saýlandy, ýagny iki möhlet ýolbaşçylyk etdi.
Barkindo Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly Konwensiýasyny işläp düzmeklige ýardam bermek bilen bütin dünýäde meşhurlyk gazandy. Ol Konwensiýanyň işiniň esasy gatnaşyjysy bolmagynda galýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.