W.Ataýew içeri işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, polisiýanyň podpolkownigi Myrat Babagulyýewiç Babagulyýew Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, polisiýanyň maýory Wepaly Durdymuhammedowiç Ataýew Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň müdiri wezipesinden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, polisiýanyň maýory Merdan Tejenmyradowiç Muhammetmyradow Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň müdiri wezipesine bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Seýdiniň NGIZ-niň degişli desgasyny döwrebaplaşdyrmak teklibi goldady
5-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.

Nebitgaz toplumynda ýylyň sekiz aýynyň jemlerine garaldy
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda sekiz aýda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.

Nebitgaz toplumynda ýylyň ýedi aýynyň jemlerine garaldy
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 28-nji iýulynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.

Nebitgaz toplumynda ýylyň alty aýynyň jemlerine garaldy
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 12-nji iýulynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda alty aýda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.

Ýangyjyň tygşytly sarp edilişi
Awtoulagda ýangyjy tygşytly sarp etmek işinde sürüjä esasy orun degişlidir. Şol bir awtoulagda we belli bir ugurda dürli topara degişli sürüjileriň ýangyjy biri-birinden 20 — 25 göterim tapawutly sarp edýändigi synaglar üsti bilen tassyk edilendir.