Habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynda nebitgaz pudagyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

https://ussatnews.com/storage/posts/2695/original-161e4993867bc2.jpeg

13-nji ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Uzynada meýdançasyna bardy hem-de şol ýerde nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzyň baý serişdeler kuwwatyny özleşdirmek we ondan netijeli peýdalanmak boýunça maslahat geçirdi.

Uzynada nebitgaz meýdançasy Esenguly etrabynda ýerleşýär. Döwlet Baştutany bu ýerde, ilki bilen, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň pudaklaýyn düzümlerinde ulanylýan kuwwatly tehnikalary, olaryň görnüşlerini synlady. Şeýle hem türkmen Lideri Garagum sährasynyň çylşyrymly şertlerinde, dag eteklerinde, kenarýaka giňişliklerde bar bolan nebitgaz känlerine hyzmat edýän, buraw işlerinde ulanylýan ýokary öndürijilikli, kuwwatly tehnikalaryň özboluşly aýratynlyklary hem-de olaryň enjamlaşdyrylyş derejesi bilen gyzyklandy.

Ýörite taýýarlanylan ýerde Balkan welaýatynyň çäginde, hususan-da, Hazar deňziniň kenar ýakalarynda ýerleşýän nebitgaz känleri, olaryň önümçilik mümkinçilikleri hem-de täze açylan känleri senagat taýdan özleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler barada giňişleýin maglumat berýän taslamalar görkezildi. Prezident taslamalar bilen tanşyp, nebitgaz känleriniň önümçilik derejesi, täze açylýan ýataklaryň gorlarynyň möçberleri hem-de olaryň ylmy taýdan özleşdirilişi bilen gyzyklandy.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazylmytaslama” institutynyň direktory D.Elýasow we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew hasabat bilen çykyş etdiler. Balkan welaýatynyň çäklerinde geçirilen geofiziki barlaglaryň netijeleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň Hazaryň kenarýaka çäklerinde barlag-gözleg, buraw işlerini geçirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de bular barada taýýarlanylan taslamalaryň görnüşleri barada hasabat berdi.

Prezident uglewodorod serişdelerine baý gorlar barada maglumat berýän taslamalar bilen tanyşlygyň dowamynda Balkan welaýatynda we onuň kenarýaka çäklerindäki meýdançalarda barlag-gözleg, buraw işlerini geçirmek üçin hemme şertleriň döredilendigini belläp, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de maksatnamalaýyn esasda dowam etmegi tabşyrdy.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew Balkan welaýatynyň çäginde bar bolan we geljegi uly hasaplanylýan Uzynada hem-de Demirgazyk Goturdepe meýdançalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, meýdançalaryň çäginde bar bolan guýularyň önüm berijiligi, olary ösdürmegiň geljekki ugurlary hakynda gürrüň berýän taslamalaryň üsti bilen nebit guýularynyň senagat taýdan özleşdirilişi barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow bu ýerde görkezilýän taslamalaryň Balkan welaýatynyň çäginde bar bolan nebitgaz ýataklarynyň önüm berijiligine, olaryň senagat taýdan özleşdirilişine hem-de geljegi uly hasaplanylýan ýataklary ylmy esasda öwrenmek bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanandygyny aýdyp, bu ugurda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer Uzynada meýdançasyndan we Çeleken käninden alnan nebitleriň görnüşlerini görkezip, bu nebit önümleriniň aýratynlyklary, olaryň hili barada hasabat berdi.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn geljekde sebitiň nebitgaz känlerini toplumlaýyn özleşdirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň işine häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanylan iş maslahatyny geçirdi.

Bellenilişi ýaly, Uzynada meýdançasynyň açylmagy alymlaryň bu ýerde nebitiň we gazyň uly ýataklarynyň bardygy baradaky çaklamalaryny tassyklady. Olaryň özleşdirilmegini işjeňleşdirmek üçin institut tarapyndan öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly zerur gözleg-barlag işleri işjeň alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanynyň 2D we 3D seýsmiki gözlegler esasynda täze ýataklary ýüze çykarmak barada beren tabşyryklary boýunça Hazar deňziniň suw ýalpaklygynda gözleg-barlag işleri alnyp barylýar. Uzynada meýdançasynda nebitiň, gazyň we kondensatyň uly senagat akymlary alyndy hem-de alymlaryň we hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, bu meýdançanyň geljegi uludyr.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konserni we onuň garamagyndaky “Nebitgazylmytaslama” instituty hem-de “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan ýakyn ýyllarda Balkan welaýatynda uglewodorod serişdeleriniň goşmaça möçberini çykarmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny, ylmy taýdan esaslandyrylan çäreleriň, şol sanda özleşdirilýän ýataklarda guýulary düýpli abatlamak we täzelerini gurmak işleriniň sanawynyň düzülendigini aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowa söz berildi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda hem-de berýän ägirt uly goldawy netijesinde, ýurdumyzda uglewodorod serişdelerine baý sebitleri ýüze çykarmak, şol ýerleriň nebit we tebigy gaz gorlaryny düýpli öwrenmek, täze önümli gatlaklary özleşdirmek üçin guýulary burawlamak, hereket edýän nebitgaz guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, türkmen hünärmenleriniň tagallasy netijesinde, Uzynada meýdançasynda ýüze çykarylan känleriň nebit gorlarynyň mukdarynyň 5 million tonna barabardygy çaklanylýar.

Häzirki döwürde Günbatar Türkmenistanda çig nebitiň, gaz kondensatynyň täze ýataklaryny tapmak, olaryň senagat derejeli gorlaryny artdyrmak, geçirilýän gözleg-agtaryş işleriniň netijeli bolmagyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Uzynada we Goturdepe känleriniň bir bölegi bolan Demirgazyk Goturdepe meýdançasynda zerur işler durmuşa geçirilýär.

Täze özleşdirilýän Uzynada käninde burawlanýan gözleg-barlag guýularynyň berýän netijelerine laýyklykda, geçirilýän işleriň gerimini giňeltmek we käniň uglewodorod gorlaryny artdyrmak, şeýle hem önüm beriji guýularyň sanyny köpeltmek zerur bolup durýar.

Demirgazyk Goturdepe ýatagynda gözleg-barlag guýulary bilen bir hatarda ulanyş guýularynyň köp sanlysynyň gazylmagy alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmäge, tebigy baýlyklaryň gor serişdelerini artdyrmaga hem-de önüm berýän guýularyň sanyny has-da köpeltmäge ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şoňa görä-de, täze özleşdirilýän bu känlerde nebiti we gazy çykarmak, önümli meýdançalaryň çägini giňeltmek, şeýle hem nebitgaz gorlaryny anyklamak we ýüze çykarmak möhüm wezipeleriň biridir.

Şeýle hem Demirgazyk Goturdepe ýatagynyň geologiýa-gözleg işleriniň netijelerine laýyklykda, ulanyş guýularynyň sanynyň artmagy bilen, olary bökdençsiz işletmek üçin bu ýerde gaz gysyjy desgany gurmak hem möhüm işleriň biri bolup durýar.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde nebitgaz senagatyny döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmek, aýratyn-da, bu babatda 2022-2023-nji ýyllar üçin meýilnamada kesgitlenilen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.

Türkmen Lideri nebitiň we gaz kondensatynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak hem-de onuň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny belledi hem-de bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Başga habarlar
1676d994ecc7e6.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti we Sankt-Peterburgyň gubernatory hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow 25-nji dekabrda gysga wagtlyk söhbetdeşlikde Peterburg bilen Türkmenistanyň ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy.


1676944216f03e.jpeg
«Türkmennebit» DK SNGIZ-niň maddy-üpjünçilik binýadyny pugtalandyrmak üçin degişli işleri geçirmäge ygtyýar berildi

21-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.


16761b11353604.jpeg
Gazçylaryň ýaş türgenleri ynamly ýeňiş gazandy

Ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 19-njy noýabryndan 5-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebi tarapyndan Halkara bitaraplyk güni mynasybetli 2010 — 2014-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi.

1676148551ec42.jpeg
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan Işlemek başarnyklary boýunça trening geçirdi

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça gatnaşyjylar üçin trening meýilnamasyny üstünlikli tamamlady. Trening meýilnamasy 2-7 dekabr aralygynda "Ynamly Kepil" koworking merkezinde geçirildi.


1675ce1bb84609.png
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady.