Türkmenistan Gazagystana tebigy gazy we elektrik energiýasyny eksport edip başlamaga taýýar — DIM
Türkmenistan Gazagystana tebigy gazy we elektrik energiýasyny eksport edip başlamaga taýýar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow 11-nji ýanwarda Türki döwletleriň guramasynyň Daşary işler ministrleriniň adatdan daşary onlaýn duşuşygynda eden çykyşynda belledi. Duşuşykda Gazagystandaky ýagdaýlar maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
R.Meredow şu ýylyň mart aýyndan başlap Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyna türkmen tebigy gazyny iberip başlamaga taýýardygy barada mälim etdi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň geljekde doganlyk Gazagystany zerur mukdarda elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge taýýar barada bellenildi.
Soňky günlerde Gazagystanda bolup geçen wakalar barada aýdyp, R.Meredow Türkmenistanyň bu ýurtdaky ýagdaýlaryň tiz wagtda kadalaşmagyna, Gazgystanyň durnukly jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşine uly gyzyklanma bildirýändigini aýratyn nygtady.
Paýhas, öňdengörüjilik, ata-babalaryň däp-dessurlaryna çuňňur hormat goýmak ýaly häsiýetleriň ýüze çykan ähli meseleleri konstitusion hukugyň çäklerinde hem-de halkara kadalara we düzgünlere laýyklykda çözmek üçin mäkäm esas bolup hyzmat etjekdigine berk ynam bildirildi.
R.Meredow duşuşykda çykyş edip, 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Stambul şäherinde geçirilen Türki döwletleriň guramasynyň Sammitiniň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sammitiň dowamynda eden çykyşynda “Biziň döwletlerimiziň halklaryny ählumumy parahatçylyga, durnuklylyga we özara düşünişmäge gönükdirilen köpýyllyk taryhy kökler, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar” diýip belläp geçendigi barada aýdyldy.
Ministr, şu garaýyşlardan ugur alyp, Türkmenistanyň hem Guramanyň ähli döwletleri bilen ykdysady, durmuş we ynsanperwer ösüşiň kepili bolan parahatçylygyň we durnuklylygyň ýokary derejesini saklamak üçin ýakyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirjekdigi mälim etdi.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.