Türkmenistanyň Prezidenti Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby mekdebiň täze binasynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Ýurdumyzda giňden we uly dabaralar bilen bellenilýän Watan goragçylarynyň güni halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň asudalygynyň goragynda durýan harby gullukçylaryň asylly işlerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini aňladýar.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň binalar toplumy, onuň desgalarynyň ýerleşdirilişi we enjamlaşdyrylyşy barada giňişleýin maglumat berýän taslamalary bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Hormatly Prezidentimiz desgalaryň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagynyň, toplumyň desgalarynyň täzeçil usulda we sanly ulgam bilen enjamlaşdyrylmagynyň, gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we bellenilen möhletde gurlup gutarylmagynyň möhüm talapdygyny belläp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra dabara gatnaşýan ýaş nesilleriň wekilleri döwlet Baştutanymyzdan binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagyna ak pata bermegini hem-de bu waka mynasybetli ýadygärlik senenama ýerleşdirilen gutyny binanyň düýbüne atmagyny haýyş etdiler.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy gutyny binanyň düýbüne oklady we täze desgalar toplumynyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny atdy. Munuň özi tutuş ýurdumyz, aýratyn-da, ýaş nesiller üçin ähmiýetli asylly işlere halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlary esasynda ak pata berilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Soňra döwlet Baştutanymyz hemmeleri Watan goragçylarynyň güni we Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy bilen gutlady hem-de olara alyp barýan asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.