Habarlar

Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy

https://ussatnews.com/storage/posts/2772/original-161f61ba935fa4.jpeg

Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Bu Maksatnamada geljek 30 ýylda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginlerde ösdürmegi üpjün etmek maksady bilen, birnäçe wezipeleri ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda ykdysadyýetiň düzümlerini üýtgedip guramagy, dolandyryşyň täze, has netijeli usullaryny bazar ykdysadyýeti şertlerinde ornaşdyrmagy dowam etdirmek, makroykdysady we maliýe durnuklylygyny saklamak; tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmagyň, pudaklary, önümçilikleri döwrebaplaşdyrmagyň, innowasion tehnologiýalary we kuwwatlyklary doly ulanmagyň hasabyna senagat we nebitgaz pudaklaryny depginli ösdürmek; energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ornaşdyrmak, şol sanda wodorod energetikasy boýunça halkara hyzmatdaşlygy öwrenmek, daşky gurşawy goramak, “ýaşyl ykdysadyýet” syýasatyny alyp barmak; sanly ykdysadyýeti we sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak; ykdysady-geografik ýerleşişiň amatlyklaryndan netijeli peýdalanyp, multimodal ulag geçelgelerini we ugurlaryny döretmek, ulag-logistika ulgamlarynyň ösmegi üçin amatly şertleri üpjün etmek; ýer-suw serişdelerini ýokary netijeli peýdalanmagyň, hasyllylygy ýokarlandyrmagyň, ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümlerini öndürmegiň hasabyna azyk howpsuzlygyny üpjün etmek; bäsdeşlige ukyply, eksporta niýetlenen we importyň ornuny tutýan önümçilikleri çalt depginlerde ösdürmek; amatly işewürlik gurşawyny kämilleşdirmegiň hasabyna kiçi we orta telekeçiligiň ornuny güýçlendirmek we jemi içerki önümde hususy bölegiň paýyny has-da ýokarlandyrmak, döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygynyň ösüşini işjeňleşdirmek; netijeli maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmek, amatly şertlerde daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek; milli ykdysadyýetimizi depginli, durnukly we toplumlaýyn ösdürmegiň hasabyna ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmak wezipeleri bar.

Geljek 30 ýyl üçin strategik maksatnamada türkmen döwletiniň häzirki taryhy döwürde syýasy, ykdysady, durmuş we medeni ulgamlarda ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen esasy wezipeleri kesgitleniler. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, ony täze sepgitlere çykarmak üçin täze maksatnamalaýyn resminamany 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda Halk Maslahatynyň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürleniljek.

Başga habarlar
16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.


16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.

16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.