«Dostluk» ýatagyny bilelikde özleşdirmek hakynda Ylalaşygy taýýarlamakda öňegidişlik gazanyldy — Türkmenistanyň DIM-i
27-nji ýanwarda «Hazar deňizdäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygyň» taslamasyny işläp taýýarlamak we ylalaşmak boýunça Bilelikdäki Iş toparynyň dördünji mejlisi geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Onlaýn görnüşinde geçirilen duşuşyga Iş toparynyň türkmen we azerbaýjan taraplarynyň agzalary gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda Iş toparynyň bilelikdäki başlyklary çykyş etdiler.
Bilermenler toparlarynyň ýolbaşçylarynyň degişli maglumatlary diňlenildi, şeýle-de bilelikdäki Iş toparynyň dördünji mejlisiniň teswirnamasynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çykyş edenler taraplaryň bilelikdäki işinde gazanylan öňe gidişlikleri kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Şu günki ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda taraplar şeýle-de Bilelikdäki ylalaşygyň degişli goşundylarynyň tiz wagtda ylalaşylmagy babatynda özara düşünişdiler.
Bilermenler toparyna geljekki potratçy-maýadaryň gyzyklanmalaryna dahylly bolan degişli resminamalaryň taslamalarynyň taýýarlanylmagy hem-de ylalaşylmagy bilen bagly bolan hereketleriň işjeňleşdirilmegi tabşyryldy.
Duşuşygyň jemleri boýunça Teswirnama gol çekildi.
Belläp geçsek, Türkmenistan we Azerbaýjan 2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda «Hazar deňizdäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Özara düşünişmek hakynda Ähtnama» gol çekişdiler. Azerbaýjanyň Parlamenti bu Ähtnamany 2021-nji ýylyň fewralynda tassyklady. Türkmenistanyň Mejlisi ony şol ýylyň martynda tassyklady.
Bu ýatagyň ätiýaçlyklary bilermenler tarapyndan 50 mln tonna nebbit möçberinde bahalandyrylýar. «Lukoýl» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Wagit Alekperow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren 2021-nji ýylyň fewralynda we oktýabrynda geçiren gepleşiklerinde «Dostluk» ýatagyny özleşdirmek taslamasyna gatnaşmaga gyzyklanmasy hakynda beýan etdi.
Kadyrberdi Artykow — GDA-nyň iň gowy talyby
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen “GDA-nyň iň gowy talyby” atly halkara bäsleşigine internet arkaly gatnaşyp, I derejeli Diploma, döşe dakylýan nyşana we kuboga mynasyp boldy.
ABŞ Türkmenistanyň gaz eksportynyň diwersifikasiýasyny goldaýar – Döwlet sekretarynyň orunbasary
Amerikanyň Birleşen Ştatlary türkmen tebigy gazyny daşamak ugurlarynyň diwersifikasiýasyny goldaýar. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers Aşgabatda žurnalistler üçin guralan brifingde mälim etdi, diýip «Turkmenportal» habar berýär.
Annagül Gurdowa 75 ýaşyny we döredijilik işiniň 70 ýyllygyny belleýär
Şu gün Türkmenistanyň halk artisti Annagül Gurdowa doglan gününiň 75 ýyllygyny we sahna işiniň 70 ýyllygyny belleýär.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň 2026-njy ýylyň bäş aýynyň işiniň netijeleri jemlenildi
5-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda bäş aýyň jemlerine garaldy
6-njy iýunda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.