Habarlar

TNGIZT-nda doly awtomatlaşdyrylan sanly maglumatlar binýadyny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär

https://ussatnews.com/storage/posts/2781/original-161f7c27f40f21.jpeg

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda doly awtomatlaşdyrylan sanly maglumatlar binýadyny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Şu maksat bilen halkara bäsleşigi yglan edildi. Bäsleşigiň ýeňijisiniň öňünde täze sanly ulgamy döretmek hem-de TNGIZT-niň işine ornaşdyrmak boýunça işleriň taslamasyny we meýilnamasyny taýýarlamak wezipesi durýar.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda, şeýle hem “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernlerinde, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynda sanly ulgam bölümleriniň 2021-nji ýylda döredilendigini bellemek gerek.

Täze taslama TNGIZT-niň ähli bölümleriniň arasynda resminama dolanyşygynyň bir bitewi ulgamynyň işiniň üpjün edilmegini, resminamalar bilen işlemegiň netijeliligini we dessinligini ýokarlandyrmagy, maglumatlaryň goralmagynyň güýçlendirilmegini, resminama dolanyşygyna we iş önümçiligine çykdajylary azaltmagy, düzüm bölümleri boýunça resminamalary gözlemegiň we geçirmegiň wagtynyň tygşytlanmagyny, toplumyň resminamalary hem-de taslamalary boýunça işleriň yzygiderliliginiň üpjün edilmegini ugur edinýär.

Başga habarlar
16a32d629bbe91.jpeg
Kadyrberdi Artykow — GDA-nyň iň gowy talyby

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen “GDA-nyň iň gowy talyby” atly halkara bäsleşigine internet arkaly gatnaşyp, I derejeli Diploma, döşe dakylýan nyşana we kuboga mynasyp boldy.


16a2ae2673afe5.png
ABŞ Türkmenistanyň gaz eksportynyň diwersifikasiýasyny goldaýar – Döwlet sekretarynyň orunbasary

Amerikanyň Birleşen Ştatlary türkmen tebigy gazyny daşamak ugurlarynyň diwersifikasiýasyny goldaýar. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers Aşgabatda žurnalistler üçin guralan brifingde mälim etdi, diýip «Turkmenportal» habar berýär.


16a28f7c330448.jpeg
Annagül Gurdowa 75 ýaşyny we döredijilik işiniň 70 ýyllygyny belleýär

Şu gün Türkmenistanyň halk artisti Annagül Gurdowa doglan gününiň 75 ýyllygyny we sahna işiniň 70 ýyllygyny belleýär.

16a243c1341ebe.jpeg
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň 2026-njy ýylyň bäş aýynyň işiniň netijeleri jemlenildi

5-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.


16a24385f9fdbb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda bäş aýyň jemlerine garaldy

6-njy iýunda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.