Türkmenistanyň Prezidenti wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça Ýol kartasyny tassyklady
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasyny tassyklady. Degişli resminama habar beriş serişdelerinde ýaýradyldy.
Kararda bellenilişi ýaly, onuň maksady ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edilen, döwrebap tehnologiýalaryň esasynda işleýän we eksporta gönükdirilen Türkmenistanyň wodorod energetikasy pudagyny döretmek bilen bagly giň strategik maksatlaryň we çäreler toplumynyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bolup durýar.
Döwlet Baştutany resminama gol çekmek bilen, ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde energetika diplomatiýasyny işjeň durmuşa geçirmegiň zerurdygyny ýene bir gezek nygtady.
Şeýlelikde, alternatiw, hususan-da, pes uglerodly energetikany ösdürmek boýunça öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, onuň çeşmeleriniň we kuwwatlyklarynyň iş ýüzünde herekete getirilmegi ekologiýa hem-de howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde ägirt uly ähmiýete eýedir.
Şunda geljegiň ýangyjy hasap edilýän wodorody peýdalanmak üçin giň mümkinçilikler açylýar. Munuň özi onuň ýokary ulanyş häsiýetleri bilen şertlendirilendir, onuň ekologiýa häsiýetnamalary aýratyn möhümdir.
Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, Bitarap Türkmenistanyň geljekde hem bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny höweslendirmek we giňeltmek boýunça yzygiderli tagallalary etjekdigini nygtady.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.