Yslamabatda geçirilen gepleşiklerde energetiki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýarlyk maslahatlaşyldy
31-nji ýanwar – 4 fewral aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça, Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Pakistan Yslam Respublikasyna iş saparynyň barşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň taslamalaryny amaly taýdan durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
31-nji ýanwarda saparyň çäklerinde Türkmen wekiliýeti Pakistan Yslam Respublikasynyň Energetika ministri Muhammad Hammad Azhar bilen duşuşyk geçirdi. Türkmen tarapy TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça ýetilen sepgitler, häzirki günde alnyp barylýan we geljekde meýilleşdirilýän işler boýunça hem-de TOP elektrik geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmagyň konseptual ugry bilen pakistan tarapyny tanyşdyrdy.
Pakistan tarapy maglumatlary kanagatlanma bilen kabul edip, sebit üçin ähmiýetli bolan TOPH gaz geçirijisiniň we TOP elektrik geçirijisiniň taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň alyp barýan saldamly işleri üçin minnetdarlyk bildirip, Pakistanyň bu taslamalaryň ýerine ýetirilmegine doly ygrarlydygyny belledi.
Duşuşygyň netijesi boýunça taraplar TOPH gaz geçirijisiniň we TOP elektrik geçirijisiniň taslamalary boýunça amaly işleri ýerine ýetirmegi ara alyp maslahatlaşmak üçin tehniki hünärmenler derejesinde ýakyn wagtda duşuşyklaryň geçirilmegini we ýerine ýetirilmeli işleriň ýol kartasynyň taýýarlanylmagyny ylalaşdylar.
Şol gün Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň sekretary (ministriň orunbasary) Sohail Mahmud bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, taraplar iki ýurduň arasyndaky howpsuzlyk ugrundaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi barada ylalaşdylar.
Şeýle hem taraplar TOPH gaz geçirijisi we TOP elektrik geçirijisi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Pakistan tarapy, bu iki taslamanyň ýurduň energiýa howpsuzlygy üçin derwaýyslygyny nygtamak bilen, bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegini Pakistanyň hökümetiniň doly goldaýandygyny belledi.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.