«Türkmengaz» DK Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň kompaniýalarynyň onlaýn-sergisine gatnaşýar
2022-nji ýylyň 17-nji ýanwaryndan 4-nji marty aralygynda geçirilýän «Merkezi Aziýa — Wirtual EXPO» (CAVEX II) Ikinji onlaýn sergisinda ýigrimi sany türkmen kompaniýasy öz önümçiligini hödürledi. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda «Türkmengaz» döwlet konserni bar.
Wirtual gözden geçirişi guramaçy bolup Russiýa we täze garaşsyz döwletler bilen söwda boýunça Ýapon assosiasiýasy Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň goldaw bermeginde çykyş edýär.
Serginiň çäklerinde ýapon kompaniýalary bilen bilelikde maýa goýum webinarlary, pikir alyşmalary we işewür ugurlarda dürli çäreler geçirilýär. Şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleri guralýar.
Türkmenistanyň günleri 14-18-nji fewral aralygynda geçirilýär. Onuň çäklerinde «Ýaponiýa bilen Tüürkmenistanyň arasyndaky söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçilikleri» atly onlaýn maslahat, «Ýaponiýa üçin CAVEX II-ä gatnaşýan türkmen kärhanalarynyň prezentasiýasy» webinary we Türkmenistanyň üç sany kärhanasyna wirtual syýahat etmek meýilleşdirildi.
Umuman, sergide Türkmenistana 5 sany döwlet düzümi wekilçilik edýär. Olaryň hatarynda «Türkmengaz» döwlet konserni we 15 sany hususy kompaniýa we hususy telekeçiler bar. Sergä gatnaşyjylar kontentlerini CAVEX-e gatnaşyjylaryň ählisi üçin elýeterli bolan milli sanly diwarlykda ýerleşdirdiler.
Onlaýn sergi bilen tanyşmak üçin şu salga girmeli - https://www.cavex2.rotobo.or.jp/ru/
Türkmenistandan gatnaşyjylar şu salgydan elýeterlidir -https://www.cavex2.rotobo.or.jp/ru/turkmenistan/
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.