Türkmenistanyň Prezidenti Pekinde XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen baran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji fewralda Pekiniň Milli stadionynda geçirilen XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň hormatly myhmany boldy. Özboluşly bezeg aýratynlygy boýunça “Guş höwürtgesi” diýen at bilen meşhur bolan bu köpugurly toplum XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň geçiriljek ýeri hökmünde saýlanyp alyndy.
Döwlet Baştutanymyzyň “ak” Olimpiadanyň — Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinden köp sanly türgenleri bir ýere jemlän örän uly sport baýramçylygynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy ýurdumyzda sporty ösdürmäge we wagyz etmäge, bu ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ägirt uly üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatly myhman hökmünde 2008-nji ýylda Hytaýyň paýtagtynda geçirilen XXIX tomusky Olimpiýa oýunlarynyň hem-de 2014-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde geçirilen XXII gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylmagy mynasybetli dabaralara gatnaşandygyny hem ýatlamak ýerlikli bolar.
Hytaýyň paýtagtynyň soňky ýyllarda ikinji gezek dünýä derejesindäki iri sport ýaryşyny kabul edýändigi bellärliklidir. Ýokarda bellenilip geçilişi ýaly, 14 ýyl mundan ozal Pekinde tomusky Olimpiada geçirildi. Şeýlelikde, HHR-iň paýtagty taryhda hem tomusky, hem gyşky Olimpiýa oýunlary geçirilen ilkinji şäher bolýar.
Häzirki gyşky Olimpiýa oýunlaryna Milli olimpiýa komitetleriniň 91-sine wekilçilik edýän milli ýygyndy toparlar gatnaşýarlar. Ýaryşlaryň geçiriljek sport desgalary hem-de türgenleriň ýaşamagyna niýetlenilen Olimpiýa şäherçeleri Pekinde, Çžanszýakouda we Ýansinde ýerleşdirildi.
XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň tumary Bin Dun Dun atly şadyýan we göwnaçyk panda boldy. Onuň geýnen kosmiki egin-eşigi ýatladýan, jadyly buzdan lybasy mümkinçilikleri çäksiz bolan täze tehnologiýalary hem-de geljek bilen arabaglanyşygy aňladýar. Olimpiadanyň tumary hökmünde pandanyň saýlanyp alynmagy geň däldir, çünki bu jandar Hytaýyň milli nyşanydyr.
2022-nji ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň resmi nyşany “Gyş arzuwy” diýen ada eýe boldy. Onuň esasynda Hytaýyň “gyş” diýen harpy — iýeroglif goýuldy. Nyşan Hytaýyň milli we häzirki zaman medeniýetiniň däplerini, özboluşly reňk öwüşginlerini utgaşdyrýar hem-de sportuň gyşky görnüşlerine söýgini beýan edýär.
Olimpiýa alawy her bir Olimpiadanyň hökmany şertidir. Şu ýyl geçirilýän gyşky Olimpiýa oýunlarynyň alawy “Uçup barýan” diýlip atlandyrylýar. Ol galgap duran lentany ýatladýan spiral gurluşly bolup, ynsanyň ýagtylyga, parahatçylyga we kämillige tarap ýadawsyz ymtylmasyny alamatlandyrýar. Alawyň uglerodly süýüm serişdelerinden taýýarlanylandygy gyzyklydyr. Ol ýeňil, gyzgyna durnukly hem-de howany hapalaýan galyndylary bolmadyk wodorodda işleýär.
Gyşky Olimpiýa oýunlary — 2022-niň medallary “Tong Ksin” diýen ada eýe boldy, ol “Bilelikde bir bitewi ýaly” diýmegi aňladýar. Olaryň dizaýny jemlenen töwerekleri nefritden ýasalan gadymy Hytaý şaý-sepine esaslanandyr. Altyn, kümüş we bürünç medallar nusgawy görnüşde bolup, 2008-nji ýylyň tomusky Oýunlarynyň sylaglaryny ýatladýar. Medallary hem-de alawy döredijiler olaryň reňk çözgütlerini, görnüşlerini hem-de bezeg böleklerini saýlap alanlarynda, HHR-iň paýtagtynyň Olimpiýa mirasyna sarpa goýmakdan ugur aldylar.
“Umumy geljek üçin bilelikde” 2022-nji ýylyň gyşky Olimpiýa, şeýle hem paralimpiýa oýunlarynyň resmi şygarydyr. Ol adamzadyň bagtyýar geljeginiň bähbidine hem-de ählumumy meseleleri ýeňip geçmegiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk etmegiň zerurdygyny aňladýar. Bu koronawirus pandemiýasy zerarly ýüze çykan kynçylyklar bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýedir. Şygar Olimpiýa hereketiniň esasy taglymlaryny hem-de gymmatlyklaryny, şonuň ýaly-da agzybirlige, parahatçylyga we rowaçlyga çagyryşy özünde jemleýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pekiniň Milli stadionyna geldi we hormatly myhmanlar üçin bellenen ýere bardy. Oýunlaryň açylyş dabarasyna çagyrylan beýleki döwletleriň, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň başlygy bu ýere gelipdirler. Stadiona ýygnananlaryň ählisini HHR-iň Başlygy Si Szinpin mähirli garşylady.
Şunuň bilen baglylykda, häzirki “ak” Olimpiadany dünýäde dowam edýän koronawirus pandemiýasy sebäpli oýunlary guraýjylaryň göz öňünde tutan arassaçylyk kadalaryny, düzgünlerini, çäklendiriji çäreleri berk berjaý etmek ýagdaýynyň tapawutlandyrýandygyny bellemek ýerlikli bolar. Bu çäreler ýaryşlaryň howpsuz geçirilmegine ýardam etmäge gönükdirilendir.
...Şol bir wagtyň özünde, Pekiniň Milli stadionynda ägirt uly sport baýramçylygyna badalga berjek pursatlaryň golaýlaýandygyny aňladýan hasaplama dowam edýär. Bu ýerde baýramçylyk dabarasy höküm sürýär. Ony taýýarlamak boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy.
HHR-iň Döwlet senasynyň mukamy astynda stadionda gyşky Olimpiada — 2022-ni geçirýän ýurduň — Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet baýdagy galdyrylýar.
Stadionyň meýdançasynda täsirli çykyşlar — ýurduň gadymy döwürlerden biziň günlerimize çenli taryhyna özboluşly syýahat hem-de onuň geljegine nazarlama ýaýbaňlanýar. Häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak we stadionyň ýagty diodly yşyklar bilen örtülmegi arkaly döredilýän haýran galdyryjy şekiller bolup geçýän wakalara aýratyn öwüşgin çaýýar.
Olimpiadanyň açylyş senesi Aý senenamasy boýunça Hytaýyň Täze ýyly bilen gabat gelip, baharyň başlanmagyny alamatlandyrýar, bu hem baýramçylyk şüweleňinde beýanyny tapdy.
Ekologiýa, bütin dünýäde parahatçylyk hem-de Olimpiýa hereketiniň binýatlaýyn ýörelgeleri dabaranyň baş mowzugy boldy, adamzadyň bitewi ykbaly bolsa onuň baş taglymydyr. Şeýlelikde, bu ajaýyp çykyşlar Oýunlaryň “Umumy geljek üçin bilelikde” şygarynyň özboluşly şöhlelenmesi boldy.
Soňra dabaranyň resmi bölegi başlanýar. Stadionyň meýdançasynda Olimpiadanyň baş gahrymanlary — türgenler peýda bolýar. Däbe görä, olimpiýaçylaryň ýörişini Olimpiýa oýunlarynyň watany hasaplanylýan Gresiýanyň ýygyndy topary açýar. Soňra meýdança 2022-nji ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjy ýurtlaryň toparlary çykýar. Ýörişi Hytaý Halk Respublikasynyň olimpiýa ýygyndysyna wekilçilik edýän türgenler tamamlaýarlar.
Olimpiada gatnaşyjylary hem-de myhmanlary XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk toparynyň başlygy Saý Si hem-de Halkara Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Tomas Bah gutlaýarlar.
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin dabaraly ýagdaýda Oýunlary açyk diýip yglan edýär.
Dürli ýyllaryň iň gowy hytaýly türgenleri stadiona Olimpiýa baýdagyny alyp gelýärler. Olimpiýa senasynyň owazy astynda çagalar horunyň ýerine ýetirmeginde biri-biri bilen bagly bäş sany tegelek halkaly ak baýdak belende galdyrylýar. 2022-nji ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň — türgenleriň, eminleriň hem-de resmi adamlaryň adyndan Olimpiýa kasamy aýdylýar.
Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär. Stadionda Olimpiýa alawy peýda bolýar. Bu ýerde onuň ýörişi tamamlanýar. Asylly däbe görä, 2022-nji ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlary üçin alaw Gün şöhlelerini jemleýän paraboliki aýnanyň kömegi bilen Gresiýanyň Gadymy Olimpinde ýakyldy. Ine, agşamky asmanda stadionda asmana galýan ägirt uly gar tozgajygynyň merkezinde XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň alawy töwerege şugla saçýar. Birnäçe pursatdan soň bolsa, münberleriň ýokarsynda baýramçylyk dabaralaryny jemleýän dürli öwüşginli, haýran galdyryjy feýerwerkler agşamky asmany bezedi.
“Ak” Olimpiada badalga beren ajaýyp çykyşlar tamamlanýar. Ýöne öňde çekeleşikli bäsleşikler bar. Olarda dünýäniň dürli yklymlarynda ýerleşýän döwletleriň türgenleri sylaglaryň 109 toplumy (jemi 327 medal) ugrunda bäsleşerler. 2022-nji ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna sportuň 15 görnüşi boýunça ýaryşlar girizildi. Olar lyžaly bäsleşikler, lyžaly iki görnüşli sport ýaryşy, biatlon, dag lyžasy sporty, tramplinden lyžaly bökmek, fristaýl, snoubord, figuraly typmak, şaýbaly hokkeý, bobsleý, sani sporty, skeleton, konkili typma sporty, şort-trek, kýorling görnüşleridir. Bütin dünýäde millionlarça tomaşaçylar, şol sanda türkmenistanlylar hem telewideniýäniň hem-de onlaýn alyp görkezmeleriň kömegi bilen ýaryşlaryň geçişine syn ederler.
Oýunlaryň ýapylyş dabarasy 20-nji fewralda Pekiniň “Guş höwürtgesi” stadionynda geçiriler.
Türkmenistanyň Prezidenti we Sankt-Peterburgyň gubernatory hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow 25-nji dekabrda gysga wagtlyk söhbetdeşlikde Peterburg bilen Türkmenistanyň ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy.
«Türkmennebit» DK SNGIZ-niň maddy-üpjünçilik binýadyny pugtalandyrmak üçin degişli işleri geçirmäge ygtyýar berildi
21-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.
Gazçylaryň ýaş türgenleri ynamly ýeňiş gazandy
Ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 19-njy noýabryndan 5-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebi tarapyndan Halkara bitaraplyk güni mynasybetli 2010 — 2014-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi.
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan Işlemek başarnyklary boýunça trening geçirdi
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça gatnaşyjylar üçin trening meýilnamasyny üstünlikli tamamlady. Trening meýilnamasy 2-7 dekabr aralygynda "Ynamly Kepil" koworking merkezinde geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady.