Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşyk geçirdi
5-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna guran iş sapary dowam etdi. Pekin wagty boýunça günüň birinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Hytaýyň Halk ýygnaklar öýüne geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin mähirli garşylady.
Iki ýurduň Liderleri Türkmenistanyň we HHR-iň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.
Si Szinpin XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Pekine gelip görmäge iberilen çakylygy kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, dürli ugurlarda ägirt uly mümkinçilikleri bolan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň sazlaşykly ösdürilýändigini nygtady.
Milli Liderimiz bildirilen myhmansöýerlik hem-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaýa saparynyň guramaçylyk derejesine hemmetaraplaýyn goldaw berlendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, şu günki duşuşygyň Hytaýyň täze ýylynyň ilkinji günlerinde geçýändigine örän şatdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Hytaýa gelip görmäge çakylygy üçin HHR-iň Başlygyna minnetdarlyk bildirip, bu gezekki saparyň hem-de şu gün geçirilen gepleşikleriň netijeleriniň ösüşiň täze ugurlaryny kesgitlemäge hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzir dünýäde sport halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolmak bilen, ynanyşmak, hormat goýmak we özara düşünişmek ýagdaýynyň emele gelmegine möhüm goşant bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Olimpiýa oýunlary örän wajyp halkara sport çäresidir. Pekiniň taryhda ilkinji gezek hem tomusky, hem gyşky Olimpiýa oýunlarynyň geçirilen şäher bolandygyny bellemek gerek. Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz Hytaý Halk Respublikasyna bu ýaryşlary geçirmekde, hytaýly türgenlere bolsa sport äleminde üstünlik arzuw etdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Başlyk Si Szinpin wajyp döwletara gatnaşyklarynyň ähmiýetli ugurlaryna üns berdiler we häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de geljekki ugurlary nazara alyp, onuň mundan beýläk-de ösdürilmegine taraplaryň taýýardyklaryny tassykladylar.
Deňhukuklylyk, özara bähbitlilik, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň döwründe halklaryň abadançylygyň bähbidine ähli ugurlar boýunça ösdürilýändigi we yzygiderli dowam edýändigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň ýurtlarymyz ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda diýen ýaly netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýdular. Köp ýyllaryň dowamynda Hytaý Türkmenistanyň söwda boýunça iri hyzmatdaşlyrynyň biridir.
Duşuşygyň dowamynda nebitgaz pudagynyň ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri we möhüm bölegi bolup durýandygy bellenildi. Türkmen gazynyň Hytaýa ugradylmagyny üpjün edýän gaz geçirijiniň gurluşygy özara bähbitli gatnaşyklaryň üstünliklere beslenýändigini aňladýar.
XXI asyryň ägirt uly taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi oňa gatnaşyjylaryň, hususan-da, önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitlerine esaslanýan uzakmöhletleýin netijeli gatnaşyklaryň anyk mysalydyr. Şol birwagtyň özünde bu taslama sebit we ählumumy energohowpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşantdyr.
Milli Liderimiz bu ugurda bar bolan mümkinçilikleriň doly derejede açylmandygyny belläp, özara bähbitli gatnaşyklaryň täze ugurlaryny bilelikde işläp taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň gaz geçirijiniň dördünji şahasyny gurmak arkaly Hytaýa ugradylýan tebigy gazyň möçberini artdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak üçin taýýardygy tassyklanyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen, türkmen tebigy gazynyň HHR-a ugradylmagy meýilleşdirilýän mukdaryny kesgitlemegiň zerurdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz “Galkynyş” gaz käniniň ikinji tapgyryny döwrebaplaşdyrmagyň seljerilmelidigini aýtdy. Bu dördünji (D) şahasy boýunça Hytaýa tebigy gazy ugratmak üçin esasy serişde binýadyna öwrülmelidir.
Ýurdumyzyň çäginde türkmen tebigy gazynyň dördünji şaha boýunça Hytaýa ugradylýan möçberini üpjün edýän önümçilik, gaz ugradyş düzüminiň döredilmegi çözgüdi talap edilýän esasy meseleleriň biridir. Biziň hünärmenlerimiziň ýakyn wagtda gazy kükürtden arassalamak boýunça kärhananyň, kompressor stansiýalarynyň, “Galkynyş” gaz käninden Türkmenistanyň goňşy döwletiň çägine çenli gaz geçirijini gurmak meseleleri boýunça gepleşikleri geçirjekdiklerine ynanýaryn diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Dördünji şahanyň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça geljekde bilelikde ýerine ýetiriljek işleriň çäklerinde, tebigy gazyň baha meselesini ara alyp maslahatlaşmaga girişmek zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu mesele boýunça alnyp baryljak bilelikdäki işleriň dowamynda türkmen we hytaý hünärmenleriniň turba geçirijiniň üstünden geçýän harytlyk gazyň bahasyny kesgitlemekde dünýä tejribesinden ugur aljakdyklaryna bil baglaýandygyny belledi.
Türkmen tarapy ikitaraplaýyn ylalaşyklar gazanylandan soňra, hytaý kompaniýasynyň “Galkynyş” gaz käniniň ikinji tapgyryny HHR-iň göni maýa goýum serişdeleriniň hasabyna işläp taýýarlamagyna gatnaşmak hakyndaky meselelere seredip biler. Şunda hytaý tarapynyň gönükdiren maýa serişdeleri ugradylýan türkmen gazynyň hasabyna yzyna gaýtarylar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasynyň gurluşygynyň taslamasy boýunça ylalaşyk gazandylar hem-de Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý we Hytaý-türkmen komitetlerine bu ugurda bilelikdäki degişli işleri geçirmek tabşyryldy.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Şunda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda, ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm üns berilýär. Türkmenistan we Hytaý baý gadymy taryhy we özboluşly medeni mirasy bolan ýurtlardyr. Iki halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýär. Ylym we bilim, medeniýet hem-de sungat ugurlaryndaky netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyny we täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagyny şertlendirýär.
Şunuň bilen birlikde, sport ulgamynda özara gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellemek gerek. Hytaýly türgenleriň 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna işjeň gatnaşmagy wajyp görkezijileriň biridir. Şu gezekki gyşky Olimpiada hem iki ýurduň arasyndaky sport hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin oňat mümkinçilikdir.
Häzirki ýagdaýy nazara alanyňda, saglygy goraýyş ulgamyndaky gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň oňyn başlangyçlary, şol sanda lukmançylyk diplomatiýasyny durmuşa geçirmek boýunça öňe sürýän teklipleri aýratyn möhüm häsiýete eýe bolýar. Hytaý tarapynyň Türkmenistana koronawirus ýokanjyna garşy Hytaýda öndürilen waksinanyň 5 million sanjymyny ugratmak baradaky çözgüdi dostlukly gatnaşyklaryň nobatdaky nyşany boldy.
Ikitaraplaýyn türkmen-hytaý gatnaşyklary BMG-niň we beýleki abraýly halkara düzümleriniň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklaryň üstüni ýetirýär. Türkmenistanyň we Hytaýyň sebit we ählumumy meseleler boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da doly gabat gelýändigini bellemek gerek. Munuň özi, ilkinji nobatda, tutuş dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagy bilen baglanyşyklydyr. Bu bolsa iki ýurda dünýä giňişliginde üstünlikli hyzmatdaşlyk etmäge, birek-birege goldaw bermäge mümkinçilik berýär. Iki döwletiň we halklaryň bähbidine kybap gelýän, birek-birege ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar Ýewraziýa yklymynda hem-de tutuş dünýäde oňyn hereketleriň ösdürilmegine ýardam edýär.
Gysgaça aýdylanda, türkmen-hytaý gatnaşyklary giň ugurlar, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa, tehnologiýa, medeni-ynsanperwer we beýleki geljegi uly ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin köptaraply mümkinçiliklere eýedir.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşylan gepleşikleriň ahyrynda taraplaryň döwletara gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin mundan beýläk-de zerur tagallalary etmäge taýýardygy tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Başlyk Si Szinpine türkmen-hytaý gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge goşandy hem-de oňa goldaw berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz bilelikdäki tagallalaryň iki ýurduň we halklaryň özara gatnaşyklarynyň ýylýazgysyna täze sahypalary ýazjakdygyna ynam bildirip, HHR-iň Baştutanyny özi üçin amatly pursatda Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy Si Szinpin birek-birege hem-de iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, dostluk, hoşniýetli hyzmatdaşlyga esaslanýan netijeli türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Hytaýa gelen daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň Baştutanlaryna Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň adyndan resmi günortanlyk nahar berildi. Günortanlyk naharyň öňüsyrasynda bilelikde surata düşmek dabarasy boldy.
HHR-iň Baştutany belent mertebeli myhmanlary ýene-de bir gezek mübärekläp, hemmelere gyşky Olimpiadanyň açylyş dabarasy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşandyklary üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol adamzadyň möhüm gymmatlygy, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, dünýäde parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýän Olimpiýa hereketiniň ähmiýetini nygtady.
Dabara tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň Halk ýygnaklar öýünden Pekiniň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerden döwlet Baştutanymyz Watanymyza ugrady.
Döwlet Baştutanymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek maksady bilen, Hytaýa sapardan gaýdyp gelenlerinden soňra, 3 günlük hökmany karantinde bolarlar.
Türkmenistanyň Prezidenti we Sankt-Peterburgyň gubernatory hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow 25-nji dekabrda gysga wagtlyk söhbetdeşlikde Peterburg bilen Türkmenistanyň ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy.
«Türkmennebit» DK SNGIZ-niň maddy-üpjünçilik binýadyny pugtalandyrmak üçin degişli işleri geçirmäge ygtyýar berildi
21-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.
Gazçylaryň ýaş türgenleri ynamly ýeňiş gazandy
Ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 19-njy noýabryndan 5-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebi tarapyndan Halkara bitaraplyk güni mynasybetli 2010 — 2014-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi.
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan Işlemek başarnyklary boýunça trening geçirdi
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça gatnaşyjylar üçin trening meýilnamasyny üstünlikli tamamlady. Trening meýilnamasy 2-7 dekabr aralygynda "Ynamly Kepil" koworking merkezinde geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady.