Ýanwar aýynyň jemlerine garaldy
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 3-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hasabat ýygnagy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirildi. Onda nebitgaz toplumynyň pudaklarynyň, birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary çykyş edip, ýanwar aýynyň dowamynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdiler.
Çykyş edenler döwlet Baştutanymyz tarapyndan ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň öňünde goýan wezipeleri, hususan-da, dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan nebiti we tebigy gazy çykarmak, gaýtadan işlemek, köp görnüşli nebithimiýa önümleriniň önümçiliginiň möçberini mundan beýläk-de artdyrmak hem-de olaryň görnüşlerini giňeltmek, geljegi uly täze känleri we gatlaklary ýüze çykarmagyň hasabyna nebitgaz senagatynyň çig mal binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, şunda geologik-gözleg işlerini sanly tehnologiýalary, häzirki zaman enjamlaryny hem-de programma üpjünçiliklerini peýdalanmak arkaly ýerine ýetirmek, ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyna iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleriň depginini ýokarlandyrmak babatda berlen tabşyryklar hem-de olary ýerine ýetirmegiň ýollary barada giňişleýin durup geçdiler.
Hasabat ýygnagynyň ahyrynda wise-premýer Ş.Abdrahmanow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça berýän tabşyryklarynyň derwaýyslygyna ünsi çekip, pudaklaryň düzüm birlikleriniň önümçilik we ykdysady görkezijileriniň gowulandyrylmagynyň ilkinji nobatdaky wezipedigini nygtamak bilen, ýygnananlara «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny täze zähmet üstünliklerine beslemekde rowaçlyklary arzuw etdi.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.