Agajan Bekmyradow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hökmünde bellige alyndy
16-nji fewralda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi boldy. Oňa Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy we agzalary gatnaşdylar. Agrar partiýanyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine hödürlän dalaşgärini bellige almak mejlisiň gün tertibiniň esasy meselesi boldy.
Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde bellige alyndy. Ol Agrar partiýanyň geçirilen nobatdan daşary IV gurultaýynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenildi hem-de biragyzdan makullanyldy. Gurultaýa jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdylar.
Gurultaýda Agajan Bekmyradowyň ukyply ýolbaşçy hem-de guramaçydygy, hormata mynasyp hünär we şahsy häsiýetlere eýedigi, munuň bolsa ony ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlemäge esas döredýändigi bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär hökmünde bellige alnan Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowa degişli şahsyýetnama gowşuryldy.
A.Bekmyradow Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisine gatnaşyjylara hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda, öz bilimini, ukyp-başarnygyny we tejribesini bildirilen ynamy ödemäge gönükdirjekdigine ynandyrdy.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 12-nji marta bellenilen Prezident saýlawlaryna taýýarlyk görmek boýunça çäreler dowam edýär. Olaryň hakyky demokratik esasda geçýändigini hem-de Garaşsyz döwletimiziň täze taryhynda möhüm tapgyr boljakdygyny ynam bilen aýdyp bolar.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.