Habarlar

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak dowam edýär

https://ussatnews.com/storage/posts/2939/original-1621516ddad5fa.jpeg

21-nji fewralda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň maslahatlar zalynda Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň nobatdan daşary III gurultaýy geçirildi. Onuň gün tertibine Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgäri hödürlemek meselesi girizildi. Gurultaýa ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we beýleki düzümleriň wekilleri gatnaşdylar.

Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan “Wepaly gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Babamyrat Meredowy hödürlemek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çärä gatnaşyjylar dalaşgär Babamyrat Meredowyň terjimehaly bilen tanyşdyryldy. Ol 2001-nji ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny inžener-sistemotehnik hünäri boýunça tamamlap, 2012-nji ýylyň aprel aýyna çenli Daşoguz şäherindäki Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde informatika mugallymy bolup işledi. B.Meredow 2012-nji ýylyň oktýabryndan bäri “Wepaly gurluşyk” hojalyk jemgyýetine ýolbaşçylyk edýär.

Çykyş edenler Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy Babamyrat Meredowyň ýokary işewürlik-guramaçylyk ukyplary barada aýtdylar. Bellenilişi ýaly, ol başarnykly hünärmen, pespäl we ynamdar adam, hojalykçy we sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, telekeçiler jemgyýetçiliginde uly hormatdan peýdalanýar.

Gurultaýa gatnaşyjylar bitirýän hyzmatlaryny nazarda tutup, B.Meredowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlemek baradaky çözgüdi kabul etdiler.

B.Meredow bildirilen ynam üçin hemmelere hoşallyk bildirip, öz üstüne ýüklenilýän jogapkärçilige düşünýändigine we oňa abraý bilen hötde gelmek ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine öz dalaşgärini hödürlemegi döwletimizde demokratik ýörelgeleriň dabaralanmagynyň we ýurdumyzda işewürler jemgyýetçiliginiň ornunyň pugtalanmagynyň aýdyň subutnamasydyr.

***

Şeýle hem şu gün Aşgabat şäherinde raýatlaryň teklipçi topary maslahat geçirdi. Onda iň ýokary döwlet wezipesine Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Hydyr Nunnaýewi dalaşgär hökmünde hödürlemek baradaky teklibe garaldy.

Ýygnananlar iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň terjimehaly bilen tanyşdylar. Hydyr Nunnaýew Aşgabat şäheriniň Indira Gandi adyndaky lukmançylyk mekdebini tamamlap, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň hataryndaky harby gullugyndan soňra, 1997-nji ýylda zähmet ýoluna başlady. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna girmezinden ozal, ol saglygy goraýyş ulgamynyň dürli edaralarynda işledi. 2003-nji ýylda bu ýokary okuw mekdebini tamamlap, Ahal welaýatynyň Tejen etrap hassahanasynda lukman bolup işledi. 2005 — 2014-nji ýyllarda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň nazaryýeti we usulyýeti kafedrasynda mugallym, 2011-nji ýylda bolsa bu kafedranyň müdiri bolup işledi. 2014-nji ýylda bu ýokary okuw mekdebiniň ylmy işler boýunça prorektory wezipesine bellenildi.

Ýygnaga gatnaşyjylar iň ýokary döwlet wezipesine hödürlenilýän dalaşgäriň ýokary hünär derejesini, guramaçylyk ukybyny, şeýle hem zähmetsöýerlik we sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek ýaly şahsy häsiýetlerini bellediler.

Hydyr Nunnaýewiň mugallymçylyk ylmyny ösdürmäge, türkmenistanlylaryň ýaş neslini terbiýelemäge goşan uly goşandyny nygtap, ýygnananlar 12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda iň ýokary döwlet wezipesine ony dalaşgär hökmünde hödürlemegi goldadylar.

Öz gezeginde, H.Nunnaýew bildirilen ýokary ynam üçin raýatlara hoşallygyny beýan edip, döwletimiziň belent sepgitlere ýetmegi, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygy üçin mundan beýläk-de güýjüni we tejribesini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

***

Şu gün Daşoguz welaýatynda raýatlaryň teklipçi toparynyň ýygnagynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň S.Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Maksat Ödeşowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlemek meselesine garadylar.

Bu mesele boýunça pikir alyşmalara gatnaşyjylar dalaşgäriň terjimehaly bilen tanyşdylar.

Maksat Ödeşow 2000-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetini tamamlap, Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň elektrik aragatnaşyk kärhanasynda operator wezipesinde zähmet ýoluna başlady. 2002 — 2008-nji ýyllarda M.Ödeşow bu etrabyň häkimliginde dürli wezipelerde işledi, 2008-nji ýylyň dekabr aýynda TDP-niň etrap komitetiniň sekretarlygyna saýlandy, 2013-nji ýylyň sentýabr aýyndan häzirki wagta çenli bu komitetiň başlygy. Şeýle hem dalaşgär Türkmenistanyň Mejlisiniň V çagyrylyşynyň deputaty boldy.

Çykyş edenler dalaşgäriň hormata mynasyp ýokary guramaçylyk ukyplaryny bellediler. Ýygnananlar Maksat Ödeşowyň partiýa işine, döwletimiziň we jemgyýetimiziň demokratik esaslarynyň ösdürilmegine goşan saldamly goşandyny nygtap, 12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda iň ýokary döwlet wezipesine ony dalaşgär hökmünde hödürlemegi goldadylar.

Öz gezeginde, M.Ödeşow bildirilen ýokary ynam üçin hoşallygyny beýan edip, halkymyzyň we mähriban Watanymyzyň gülläp ösüşiniň bähbidine bildirilen ynamy halal zähmeti bilen ödejekdigine ynandyrdy.

***

Şu gün türkmen paýtagtynda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa merkezi toparyň ýolbaşçysy we agzalary bilen bir hatarda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine Ahal we Mary welaýatlarynyň raýatlarynyň teklipçiler toparlarynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň iň ýokary döwlet wezipesine hödürlän dalaşgärlerini bellige almak meselesi girizildi.

Ýurdumyzyň kanunçylygyna laýyklykda, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Maksatmyrat Öwezgeldiýewi, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Saryýewi, “Wepaly gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Babamyrat Meredowy bellige aldy.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine bellige alnan dalaşgärlere degişli şahsyýetnamalar gowşuryldy.

Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärler uly ynam bildirendikleri üçin saýlawçylara hoşallyklaryny beýan edip, mähriban halkymyzyň bähbidine Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda yhlasly zähmetini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Şu ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak boýunça çäreler hem-de onuň şu gün badalga alan nobatdaky tapgyry dowam edýär. Saýlawlary halkara kadalara laýyklykda, hakyky demokratik ýörelgeler esasynda geçirmek üçin degişli binýat taýýarlanylýar.

Başga habarlar
1676d994ecc7e6.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti we Sankt-Peterburgyň gubernatory hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow 25-nji dekabrda gysga wagtlyk söhbetdeşlikde Peterburg bilen Türkmenistanyň ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy.


1676944216f03e.jpeg
«Türkmennebit» DK SNGIZ-niň maddy-üpjünçilik binýadyny pugtalandyrmak üçin degişli işleri geçirmäge ygtyýar berildi

21-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.


16761b11353604.jpeg
Gazçylaryň ýaş türgenleri ynamly ýeňiş gazandy

Ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 19-njy noýabryndan 5-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebi tarapyndan Halkara bitaraplyk güni mynasybetli 2010 — 2014-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi.

1676148551ec42.jpeg
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan Işlemek başarnyklary boýunça trening geçirdi

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça gatnaşyjylar üçin trening meýilnamasyny üstünlikli tamamlady. Trening meýilnamasy 2-7 dekabr aralygynda "Ynamly Kepil" koworking merkezinde geçirildi.


1675ce1bb84609.png
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady.