Habarlar

Daşoguzda Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi

https://ussatnews.com/storage/posts/2941/original-162152a4ad7204.jpeg

21-nji fewralda Daşoguz welaýatynyň häkimliginiň mejlisler zalynda Demokratik partiýa tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär görkezilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi.

Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär bilen duşuşmak üçin bu ýere welaýatyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň zähmet toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýörite orta okuw mekdepleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we kümüş saçly eneler ýygnandylar.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygy M.Meredow duşuşygy açyp, dalaşgäriň ynanylan wekiline — Görogly etrabyndaky 65-nji orta mekdebiň mugallymy T.Aramedowa söz berdi.

Ol ýygnananlary Serdar Berdimuhamedowyň geçen zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ýokary döwlet wezipesine dalaşgäri ýaş, oňyn başlangyçlar bilen çykyş edýän, giň gerimde pikirlenmäge ukyply hem-de dürli döwlet wezipelerinde işlän ýyllarynda milli ösüş maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň uly tejribesini toplan jogapkärli ýolbaşçy, şeýle hem ýokary ahlak sypatly we guramaçylyk başarnyklaryna eýe bolan adam hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlenendigi üçin saýlawçylara hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanynyň öňde boljak saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmagyň özi üçin belent mertebedigini belledi.

«Munuň özi diňe bir meniň üçin däl-de, Garaşsyzlyk ýyllary içinde kemala gelen ýaş nesliň ählisi üçin hem uly jogapkärçilikdir» diýip, dalaşgär aýtdy.

Serdar Berdimuhamedow saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan edip, Türkmenistanyň dünýä derejesinde abraýyny has-da belende götermek, ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek meseleleriniň ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýandygyny nygtady. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” döwlet özygtyýarlylygyny pugtalandyrmak, ösüşiň täze tapgyrynda Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek boýunça çäreleriň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen möhüm wezipeleri kesgitleýär.

Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär raýatlaryň ýokary durmuş derejesini hem-de ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn okgunly ösüşini üpjün etmek üçin tutuş halkyň has-da jebisleşmeginiň hem-de tagallalarynyň birleşdirilmeginiň zerurdygyny nygtap, hemmelere türkmen halkynyň häzirki we geljekki nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen beýik maksatnamalary amala aşyrmakda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanylan ýagdaýynda, dalaşgär ýurdumyzyň beýleki sebitleri bilen bir hatarda, gadymyýetde çäklerinden Beýik Ýüpek ýoly geçen Daşoguz welaýatyna, köp sanly meşhur şahsyýetleriň ýaşap geçen, hasyllylygy we rysgal-berekedi, ekerançylarynyň zähmetsöýerligi bilen tapawutlanýan bu sebite hem uly üns bermegi maksat edinýär.

Döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary düýpli ösüşe eýe boldy, täze, döwrebap obalar, mekdepler, çagalar baglary, hassahanalar, sport toplumlary peýda boldy diýip, Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan oňyn özgertmeler geljekde hem mynasyp dowam etdiriler diýip, dalaşgär belledi.

Serdar Berdimuhamedow öňde durýan möhüm wezipeleri beýan edip, olaryň hatarynda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň gerimini giňeltmek, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, sebitde milli we halkara syýahatçylygy ösdürmek, obalarda we şäherlerde täze, döwrebap umumybilim berýän mekdepleri hem-de mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurmak meselelerini aýratyn nygtady.

Serdar Berdimuhamedow şeýle hem welaýatda awtomobil ýollarynyň gurluşygynyň depginlerini güýçlendirmegiň, olaryň durkuny täzelemegiň möhümdigi barada aýdyp, hususan-da, Aşgabat — Daşoguz, welaýat merkezini Ruhubelent etraby hem-de Köneürgenç şäheri bilen birleşdirýän awtomobil ýollaryna ünsi çekdi.

Dalaşgäriň maksatnamasynda telekeçiligi goldamak, döwlet tarapyndan dürli ýeňillikli şertleriň döredilmeginiň hasabyna obasenagat toplumyny özgertmek işlerine hususyýetçileri çekmek wezipeleri kesgitlenildi. Bellenilişi ýaly, bu çäreler dürli oba hojalyk önümlerini, şol sanda künjini, bugdaýy, pagtany gaýtadan işlemek boýunça senagatyň mundan beýläk-de ösdürilmegini üpjün eder. Şunuň bilen birlikde, saýlawçylaryň sargytlaryny nazara almak bilen, hususy önüm öndürijileri höweslendirmek işleri dowam etdiriler diýip, dalaşgär nygtady.

Soňra saýlawçylar bilen ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek meseleleri baradaky söhbetdeşligiň dowamynda Serdar Berdimuhamedow ýygnananlaryň köp sanly sowallaryna jogap berip, özüniň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň käbir meselelerini anyklaşdyrdy. Hususan-da, ilatyň saglygyny goramak hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, sebitlerde raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak we beýleki wezipeler barada öz garaýyşlaryny beýan edip, olary oňyn çözmek boýunça geçirilmeli çäreleri kesgitledi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Garaşsyzlyk ýyllarynda zehinli, hemmetaraplaýyn bilimli ýolbaşçylaryň we hünärmenleriň ýaş nesliniň kemala gelendigini, täze eýýamda döwleti dolandyrmak üçin olara giň ýol açylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmek boýunça milli maksatnamalary, şol sanda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmekde olaryň üstüne uly jogapkärçilik ýüklenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär bu duşuşygyň guralandygy, öz çykyşynyň üns berlip diňlenilendigi üçin ýygnananlara hoşallyk bildirip, ähli gujur-gaýratyny we bilimini, dürli wezipelerde işlän döwründe toplan tejribesini eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine gönükdirjekdigine saýlawçylary ýene bir gezek ynandyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär. Saýlawlara çenli galan döwürde iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärler öz saýlawçylary bilen ýene-de birnäçe gezek duşuşarlar. Şunda ynanylan wekillere aýratyn orun degişlidir, olar saýlawçylara dalaşgäriň maksatnamasy barada giňişleýin gürrüň bererler, terjimehallary bilen tanyşdyrarlar.

Şol bir wagtda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak işleri doly açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda dowam edýär. Munuň özi ýurdumyzda kanunylygyň, demokratiýanyň, ses bermek erkinligi ýörelgeleriniň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Başga habarlar
16a7f0564212a3.jpeg
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri dowam edýär

21–23-nji oktýabrda Aşgabatda «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» 31-nji halkara maslahatyna we sergisine işjeň taýýarlyk işleri dowam edýär.


16a77258e21135.jpeg
Parnik gazlarynyň zyňyndylaryna gözegçilik etmekde okuw sapaklary

Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň daş-töweregi goramak bölüminiň gurnamagynda institutyň Maglumat-seljeriş merkezinde parnik gazlarynyň zyňyndylaryna emeli hemra arkaly gözegçilik etmek üçin ösen tehnologiýalara degişli ugurlar boýunça monitoring etmek we olaryň üstünde takyklyga baha bermek, maglumatlary werifikasiýa etmek we başga-da degişli ugurlarda iş alyp barmaklygyň halkara usullaryna degişli wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn okuw sapaklary geçirildi.


16a771ee24abdb.jpeg
Gazçylar Garaşsyzlygymyzyň toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýarlar

Ýurdumyzda nebitgaz senagatyny döwrebap derejede ösdürmek, tebigy baýlyklarymyzy halkymyzyň we Watanymyzyň bähbidine netijeli peýdalanmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleri hem mynasyp goşant goşýarlar.

16a7701746d5eb.jpeg
Türkmen nakgaşynyň eserleri Azerbaýjandaky halkara festiwalynda uly abraýa eýe boldy

29-njy iýul — 3-nji awgust aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Gabala şäherinde geçirilen «GabalaFest» festiwalynyň çäklerinde «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi guraldy. Dünýäniň 30-dan gowrak döwletiniň sungat ussatlaryny bir ýere jemlän bu taslama suratkeşlik, heýkeltaraşlyk we fotosurat arkaly dürli medeniýetleriň hem-de nesilleriň arasynda çeper dialogy ösdürmäge gönükdirildi.


16a76149dadc59.jpeg
Gökderede ýangyn-amaly sporty boýunça nobatdaky bäsleşik geçirildi

7-nji awgustda Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýangyn-amaly sporty boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige bu ajaýyp künjekde dynç alýan ýetginjeklerden ybarat ýaş ýangyn söndürijileriň 14 topary gatnaşdy.