Habarlar

Türkmenistanda nebiti gaýtadan işleýän senagaty ösdürmegiň Konseptual strategiýasynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasy işlenip düzülýär

https://ussatnews.com/storage/posts/2949/original-162164a1eca304.jpeg

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçiren giňişleýin Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de nebiti gaýtadan işleýän senagaty kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler we ugurdaş, uzak möhletli iş meýilnamalarynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

Hususan-da, bellenilişi ýaly, “Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň ösüşiniň konseptual strategiýasy” atly tehniki-ykdysady esaslandyrmany işläp düzmek boýunça anyk çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda geçirilen degişli halkara bäsleşigiň netijeleri barada maglumat berildi.

Işlenilip taýýarlanylýan tehniki-ykdysady esaslandyrma laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň mümkinçiliklerini we ösüşiniň geljekki ugurlaryny kesgitlemek, hereket edýän tehnologik desgalary kämilleşdirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem dünýä bazarynyň nebit, nebithimiýa önümleriniň görnüşlerine bolan isleglerine hem-de çig mal gorlarynyň ýagdaýyna görä täze gurulmaly desgalary anyklamak, öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, nebiti gaýtadan işlemegiň çuňlugyny ýokarlandyrmak we ekologiýa taýdan arassa, galyndysyz önümçiligi döretmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek, ygtybarly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary giňeltmek arkaly ýangyç-energetika toplumynyň ösdürilmegine uly üns berilýändigini belledi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanda amala aşyrylýan pudaklaýyn taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän ugurdaş iri kompaniýalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady.

Türkmen Lideri nebiti gaýtadan işleýän senagatda öndürilýän, bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümleriň görnüşlerini giňeltmekde häzirki zaman tehnologiýalaryny işjeň ulanmagyň möhümdigi barada aýdyp, wise-premýere bu ugurda toplumlaýyn işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Başga habarlar
16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.


16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.

16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.