Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgärler bilen saýlawçylaryň duşuşyklary

https://ussatnews.com/storage/posts/2953/original-1621653f9ad29d.jpeg

22-nji fewralda irden Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Agrar partiýasyndan iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenen Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygy Agrar partiýanyň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygy A.Mämedow açdy. Soňra dalaşgäriň ynanylan wekili — Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Mary welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary T.Bäşimow ýygnananlary hünäri boýunça inžener-gurluşykçy bolan A.Bekmyradowyň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy. Ony jemgyýetçilik guramalarynda hem-de ýerli dolandyryş häkimiýet edaralarynda işläp, ýeterlik tejribe toplan ýaş, başarjaň ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär A.Bekmyradow çykyş edip, özüniň ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge, iri möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň hasabyna, ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy.

Bellenilişi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan hem-de halkyň abadançylygynyň gyşarnyksyz ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirildi. Bu döredijilikli ugur dowam etdiriler. Ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny, şol sanda oba hojalygyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga uly üns berler, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw hem-de ýer serişdelerinden rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, obasenagat toplumynyň gaýtadan işleýän pudagynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrmak meselelerine uly üns berler.

Senagat pudagy, saglygy goraýyş, ylym-bilim, bedenterbiýe we sport ulgamlary, şonuň ýaly-da, ýaşaýyş jaýlarynyň, awtoulag ýollarynyň gurluşygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdüriler. Ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemäge aýratyn ähmiýet berler.

Dalaşgäriň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynda durmuş ähmiýetli wezipeler, halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün etmek boýunça çäreler aýratyn orun eýeleýär.

Saýlawçylaryň obasenagat toplumynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga, Türkmenistany geljek 30 ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna laýyklykda, obalaryň we şäherleriň keşbini mundan beýläk-de özgertmäge degişli hem-de beýleki birnäçe wajyp sowallara jogap berip, A.Bekmyradow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda özüniň ähli güýç-kuwwatyny, bilimini hem-de tejribesini gaýgyrmajakdygyna, özüne bildirilen uly ynamy ödejekdigine ynandyrdy.

***

Günüň ikinji ýarymynda bu ýerde ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň nobatdan daşary III gurultaýynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen “Wepaly gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Babamyrat Meredowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň wekili B.Piriýew duşuşygy açyp, dalaşgäriň ynanylan wekili — “Ynsan kalby” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy A.Söýünowa söz berdi. Ol ýygnananlary B.Meredowyň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy. A.Söýünow dalaşgäriň işeňňirligini, tabşyrylan işe örän jogapkärli çemeleşýändigini, ýolbaşçy wezipede toplan tejribesini, belent adamkärçiligini, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýändigini belläp, ähli saýlawçylary saýlawlara işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgäre söz berildi. Ol ýygnananlara bu duşuşyga gyzyklanma bildirendikleri üçin hoşallygyny beýan edip, özüniň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Olaryň hatarynda kiçi we orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etmäge, türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga yzygiderli gönükdirmek ýaly wezipeler bar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň işewürlik düzümleri ýurdumyzyň ösüşine işjeň goşant goşýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen milli ykdysadyýetimiziň esasy binýatlarynyň biri bolan telekeçiligi goldamak boýunça işlenilip taýýarlanylan çäreleriň ulgamy hususy pudagyň kärhanalarynyň sanynyň yzygiderli artmagyna ýardam edýär.

Bazar ykdysadyýetiniň möhüm bölegi hökmünde kiçi we orta telekeçiligi höweslendirmek üçin amatly şertleriň döredilmeginde ýurdumyzda degişli kanunçylyk-hukuk binýadynyň kemala getirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. B.Meredowyň nygtaýşy ýaly, bularyň ählisi hususy telekeçiligiň ynanylan taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek babatyndaky jogapkärçiligini ýokarlandyrýar.

Dalaşgäriň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynda beýan edilişi ýaly, Diýarymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek maksady bilen, häzirki döwürde milli Liderimiziň baştutanlygynda döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda gazanylan giň möçberli üstünlikleri artdyrmak zerurdyr.

Ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler bilen baglylykda, halk hojalygynyň pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýalar giňden ornaşdyrylar, täze ykdysady gatnaşyklar kemala geler. Durmuş hem-de ynsanperwer-medeni ulgamlar mundan beýläk-de depginli ösüşe eýe bolar.

Soňra dalaşgär ýygnananlaryň sowallaryna jogap berdi. Sowal-jogaplaryň dowamynda kiçi we orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini ýola goýmak hem-de ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksportyny artdyrmak boýunça maksatnamalary amala aşyrmak, ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak, şähergurluşyk syýasaty, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenilen ileri tutulýan wezipeleriň çözgüdi we beýlekiler barada durlup geçildi.

B.Meredow bildirilen ynam üçin ýygnananlara hoşallygyny beýan edip, özüniň iň ýokary döwlet wezipesine saýlanan ýagdaýynda ähli tagallasyny, bilimini hem-de ukyp-başarnygyny Watanymyzyň hem-de halkymyzyň bähbidine gönükdirjekdigine ynandyrdy.

Welaýatyň jemgyýetçiliginiň wekilleri çykyş edip, dalaşgärleriň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalarynda olaryň täze eýýamda Diýarymyzyň okgunly ösüşine hemmetaraplaýyn ýardam etmäge taýýardyklary şöhlelenýär diýip bellediler. Şonuň ýaly-da, sebitiň ilatynyň häzirki möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä işjeň gatnaşjakdygy, munuň bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji martda geçiriljek saýlawlarynyň hakyky demokratik esaslarda geçirilýändigine şaýatlyk edýändigi nygtaldy.

Başga habarlar
16a7f0564212a3.jpeg
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri dowam edýär

21–23-nji oktýabrda Aşgabatda «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» 31-nji halkara maslahatyna we sergisine işjeň taýýarlyk işleri dowam edýär.


16a77258e21135.jpeg
Parnik gazlarynyň zyňyndylaryna gözegçilik etmekde okuw sapaklary

Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň daş-töweregi goramak bölüminiň gurnamagynda institutyň Maglumat-seljeriş merkezinde parnik gazlarynyň zyňyndylaryna emeli hemra arkaly gözegçilik etmek üçin ösen tehnologiýalara degişli ugurlar boýunça monitoring etmek we olaryň üstünde takyklyga baha bermek, maglumatlary werifikasiýa etmek we başga-da degişli ugurlarda iş alyp barmaklygyň halkara usullaryna degişli wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn okuw sapaklary geçirildi.


16a771ee24abdb.jpeg
Gazçylar Garaşsyzlygymyzyň toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýarlar

Ýurdumyzda nebitgaz senagatyny döwrebap derejede ösdürmek, tebigy baýlyklarymyzy halkymyzyň we Watanymyzyň bähbidine netijeli peýdalanmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleri hem mynasyp goşant goşýarlar.

16a7701746d5eb.jpeg
Türkmen nakgaşynyň eserleri Azerbaýjandaky halkara festiwalynda uly abraýa eýe boldy

29-njy iýul — 3-nji awgust aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Gabala şäherinde geçirilen «GabalaFest» festiwalynyň çäklerinde «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi guraldy. Dünýäniň 30-dan gowrak döwletiniň sungat ussatlaryny bir ýere jemlän bu taslama suratkeşlik, heýkeltaraşlyk we fotosurat arkaly dürli medeniýetleriň hem-de nesilleriň arasynda çeper dialogy ösdürmäge gönükdirildi.


16a76149dadc59.jpeg
Gökderede ýangyn-amaly sporty boýunça nobatdaky bäsleşik geçirildi

7-nji awgustda Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýangyn-amaly sporty boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige bu ajaýyp künjekde dynç alýan ýetginjeklerden ybarat ýaş ýangyn söndürijileriň 14 topary gatnaşdy.