Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Tatarystanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

https://ussatnews.com/storage/posts/2957/original-1621669e8494a5.jpeg

22-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Milli Liderimiz dostlukly ýurduň iri sebitiniň ýolbaşçysy bilen mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygynyň okgunly we netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Şol hyzmatdaşlyk Russiýa Federasiýasy bilen döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär.

Tatarystanyň Türkmenistanyň has işjeň we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Biziň ýurdumyzy Tatarystan Respublikasy bilen öňden gelýän, taryhyň dowamynda emele gelen hoşniýetli goňşuçylyk, ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak gatnaşyklaryna esaslanýan ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar.

Söhbetdeşligiň barşynda umumy bähbitleri nazara almak bilen, uly geljege eýe bolan netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyldy. Şol bähbitler bolsa ägirt uly mümkinçilikler hem-de giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde köpýyllyk bilelikdäki işiň uly tejribesi bilen berkidilendir.

Milli Liderimiz türkmen-tatar gatnaşyklaryna mahsus bolan ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup durýandygyny nygtady. Türkmenistanyň Tatarystanyň iri kompaniýalary — “KamAZ”, “Tatneft” açyk paýdarlar jemgyýetleri, “KER-Holding”, Kazan dikuçar zawody we beýlekiler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy munuň aýdyň mysalydyr.

Prezident Rustam Minnihanow Tatarystanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýdyp, ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň hem-de öz üstüne alan borçnamalaryna berk eýerýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň belent halkara abraýynyň muňa ýardam edýändigini belledi.

Söhbetdeşler söwda-ykdysady, ynsanperwer ulgamlarda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy kanagatlanma bilen belläp, şunda Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň doganlyk halklarynyň arasynda dostluk köprülerini we özara düşünişmegi pugtalandyrýan ýokary derejedäki yzygiderli ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň uly ähmiýete eýedigini nygtadylar.

Söhbetdeşler taraplaryň ençeme ugurlar boýunça özara gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny tassyklap, ozal gazanylan ylalaşyklary ilerletmek boýunça anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şol ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi bolsa dürli ulgamlarda gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşmaça itergi berer.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglylykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň işine möhüm ornuň degişlidigi bellenildi. Bu topar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlaryna syn berýär.

Biz bilelikdäki iş toparyndan özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de senagat we ýokary tehnologiýalar ulgamynda iri taslamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk tekliplere garaşýarys diýip, milli Liderimiz nygtady.

Ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym we bilim ugry boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda hyzmatdaşlyk etmek türkmen-tatar gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Tatarystanyň esasy ýokary okuw mekdeplerinde ýurdumyzyň ýaşlarynyň köp sanlysy bilim alýar.

Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Tatarystan Respublikasynyň Prezidentine däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we pugtalandyrmaga ägirt uly şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen tarapynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Rustam Minnihanow birek-birege berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikler, Türkmenistanyň we Tatarystanyň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw etdiler.

Başga habarlar
169c762cd54c7f.jpeg
Nusaý galasynda gezelenç talyp ýaşlarda milli buýsanjy artyrdy

Talyp ýaşlary Watançylyk ruhunda terbiýelemek maksatly yzygiderli guralýan medeni çäreleriň çäklerinde bu gün Halkara senagatcylar we telekeçiler uni wersitetiniň professor-mugallymlarynyă we talyp ýaşlarynyă gatnaşmagynda Nusayyň Parfiýa galalary döwlet medeni-taryhy ýadygärligine gezelenç guraldy.


169c554155d778.jpeg
YLMY ÖSÜŞLER DABARALANÝAR

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde nobatdaky ylmy-usuly maslahaty geçirildi.


169c2d665f3a81.jpeg
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işe girizildi

Tebigatyň janlanýan, daş-töweregiň al-elwan güllere beslenýän günlerinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty — tebigatchy.co.tm işläp başlady. Bu sanly platformanyň işe girizilmegi guramanyň işini döwrebaplaşdyrmakda nobatdaky ädim bolup, ol amala aşyrylýan ekologiýa başlangyçlary baradaky maglumatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

169c161b92c194.jpeg
Uzynadadaky täze önümli guýy

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ruhuna mynasyp işleri bitirmegiň hötdesinden gelýärler.


169c15959053ff.jpeg
Okuw maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde kärdeşler arkalaşyklarynyň işini kämilleşdirmek, döwrüň talabyna laýyk guramak, işleriň dogry alnyp barylmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly amaly-usuly okuw maslahaty geçirildi.