Habarlar

Ýurdumyzda Prezident saýlawlaryna uly gyzyklanma bildirilýär

https://ussatnews.com/storage/posts/2981/original-1621c63d941a72.jpeg

«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji aýlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre açyklyk, aýdyňlyk, demokratik we giň bäsdeşlik esasynda geçirilýär. Häzirki wagtda onuň birinji tapgyry — ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak tamamlandy.

2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek ýurdumyzyň Prezidentiniň saýlawlary türkmen halkynyň mizemez agzybirligini we jebisligini, döwletimiziň we jemgyýetimiziň hakyky demokratik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlylygyny nobatdaky gezek görkezip, Garaşsyz türkmen döwletiniň täze taryhynda möhüm waka öwrüljekdigini ynamly aýtmak bolar.

Häzirki günde ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň hemmesi belli boldy. Türkmenistanlylaryň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan çärä gyzyklanmasynyň iňňän uly bolmagy öz-özünden düşnüklidir. Çünki döwlet Baştutanyny saýlamak — bu ýurdumyzyň geljegini saýlamakdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda geçirilýän demokratik özgertmeler hil taýdan täze derejä eýe boldy. Milli kanunçylyga hem-de halkara tejribesine laýyklykda, ähli dalaşgärlere saýlawçylar bilen duşuşmak hem-de olary öz maksatnamalary bilen tanyşdyrmak, wagyz-nesihat işlerini geçirmek, şol sanda habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň hukuklar berilýär we mümkinçilikler döredilýär.

11-nji fewralda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde milli Liderimiz ata Watanymyzyň we halkymyzyň ykbaly üçin jogapkärçiligi üstüne almaga ukyply ýaş ýolbaşçylara ýol bermek kararyna gelendigini aýtdy. Syýasy partiýalar we raýatlaryň teklipçi toparlary döwlet Baştutanymyzyň bu wajyp başlangyjyny, parasatly çözgüdini goldamak bilen guramaçylyk we ýolbaşçylyk ukyplaryny görkezen, ata Watanymyzyň bähbitlerine wepaly ýaş türkmenistanlylary ýokary döwlet wezipesine dalaşgärler hökmünde hödürlediler.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda uly özgerişlikler bolup geçdi. Döwletimiziň demokratik sütünlerini berkitmekde möhüm ädimler ädildi, munuň şeýledigine gyzgalaňly dowam edýän saýlawlara taýýarlyk işleri aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar 2022-nji ýylyň 14-nji fewralynda saýlawlara taýýarlyk görmek möwsümine badalga berip, onuň ähli tapgyrlarynyň, şol sanda dalaşgärleri hödürlemek, olary bellige almak, saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirmek ýaly çäreleriň demokratik esasda  bolmagyna berk gözegçilik edýär. Bularyň hemmesi türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda emele gelen demokratik gymmatlyklaryna ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Giň bäsdeşlik esasynda geçirilýän saýlawlaryň barşyna diňe syýasy partiýalardan we jemgyýetçilik guramalaryndan milli synçylar däl-de, eýsem, ýurdumyza gelen halkara bilermenler we synçylar hem gözegçilik ederler.

Saýlawlara resmi taýdan bellige alnan dalaşgärleriň dokuzysy gatnaşar. Olaryň üçüsi Türkmenistanyň syýasy partiýalary tarapyndan hödürlenildi. Demokratik partiýadan — Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow, Agrar partiýadan — Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan — «Wepaly gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň direktory Babamyrat Meredow.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri görkezmegiň tertibini kesgitleýän Saýlaw kodeksiniň 46-njy maddasyna laýyklykda, ýurdumyzyň raýatlarynyň teklipçi toparlary tarapyndan dalaşgärleriň altysy hödürlenildi. Olar Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysadyýet orta hünär mekdebiniň direktory, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzasy Perhat Begenjow, Balkan welaýatyndan — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Awaza» şypahanasynyň baş lukmany, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Berdimämmet Gurbanow, Ahal welaýatyndan — Babadaýhan etrabynyň sanitariýa-epidemiologiýa gullugynyň başlygy Maksatmyrat Öwezgeldiýew, Mary welaýatyndan — Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Saryýew, Daşoguz welaýatyndan — Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Maksat Ödeşow, Aşgabatdat şäherinden — Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, pedagogik ylymlarynyň kandidaty Hydyr Hunnaýew dagydyr.

Şu günler saýlaw möwsüminiň möhüm tapgyry — Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň saýlawçylary bilen duşuşyklary giň gerime eýe bolýar. Ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň hemmesine saýlawçylar bilen duşuşyklary hem-de wagyz-nesihat işlerini guramak üçin  deň şertleriň berlendigini bellemek gerek.

Şonuň bilen birlikde, saýlawçylaryň her biri duşuşyklaryň barşynda ýokary döwlet wezipesine hödürlenen islendik dalaşgäre sowallaryny berip, onuň tanyşdyrýan maksatnamasyna garaýşyny beýan edip bilýär.

Bu babatda Demokratik partiýanyň hödürlän dalaşgäri — ýurdumyzyň Hökümetiniň wise-premýeri Serdar Berdimuhamedowyň öz saýlawçylary bilen geçirýän duşuşyklarynyň nusga alarlydygyny aýratyn bellemek bolar. Ýaş ýolbaşçy  ynanylan ähli jogapkärli wezipelerde öz işiniň ussadydygyny görkezmegi başardy.

Nebitgaz ulgamynyň işgärleri Serdar Berdimuhamedowyň bitiren işlerini, işewürlik häsiýetlerini diňe metbugat ýa-da teleradioýaýlymlar arkaly däl-de, eýsem, bilelikde ýerine ýetiren işlerden, onuň anyk hyzmatlaryndan örän oňat bilýärler. Nebitgaz ulgamynyň işgärleri ýaş ýolbaşçynyň jogapkärli döwlet wezipelerinde kämilleşişini synlap, ýerine ýetiren işlerine tüýs ýürekden buýsanýarlar. Çünki mähriban halkymyzyň bähbitleriniň we ata Watanymyzyň rowaçlygynyň Serdar Berdimuhamedow üçin hemişe ilkinji orunda durýandygyna göz ýetirýärler.

Saýlawçylaryň şu günler ýokary döwlet wezipesine dalaşgär Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilýän duşuşyklarda çykyş edip, onuň tapawutly ýolbaşçylyk we guramaçylyk ukyplary, şeýle hem kiçigöwünlilik, aladaçyllyk ýaly häsiýetleri barada aýratyn durup, dalaşgäri sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarly, görnükli döwlet ýolbaşçysy hökmünde häsiýetlendirýändiklerini bellemek gerek.

Serdar Berdimuhamedow 2001-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetini inžener-tehnolog hünäri boýunça tamamlady. Ol halkara gatnaşyklary boýunça hem hünärmen bolmak bilen, Mejlisiň Komitetiniň başlygy, daşary işler ministriniň orunbasary, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary, soňra bolsa häkimi, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary ýaly wezipelerde zähmet çekmek bilen, ýolbaşçylyk-dolandyryş işiniň baý tejribesini toplady.

Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda başy başlanan we ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri dowam etdirilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde  kesgitledi.

Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, 2022-nji ýyl — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçirilýän ýyly ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösýän, milli demokratiýanyň dabaralanýan ýylyna öwrüler. Ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda işlenip taýýarlanylan hem-de şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» üstünlikli amala aşyrylmagyny öz esasy wezipesi diýip kesgitleýär.

Biz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Serdar Berdimuhamedowyň halkymyza berýän wadalarynyň hökman amal bolup, döwletimizi ösüşiň täze belentliklerine çykarjakdygyna, eziz Diýarymyzyň halkara abraýyny artdyryp, halkymyzyň durmuşyny has-da gowulandyrjakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys.

Ussa USSAÝEW,

«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.

Başga habarlar
1676d994ecc7e6.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti we Sankt-Peterburgyň gubernatory hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow 25-nji dekabrda gysga wagtlyk söhbetdeşlikde Peterburg bilen Türkmenistanyň ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy.


1676944216f03e.jpeg
«Türkmennebit» DK SNGIZ-niň maddy-üpjünçilik binýadyny pugtalandyrmak üçin degişli işleri geçirmäge ygtyýar berildi

21-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.


16761b11353604.jpeg
Gazçylaryň ýaş türgenleri ynamly ýeňiş gazandy

Ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 19-njy noýabryndan 5-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebi tarapyndan Halkara bitaraplyk güni mynasybetli 2010 — 2014-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi.

1676148551ec42.jpeg
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan Işlemek başarnyklary boýunça trening geçirdi

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça gatnaşyjylar üçin trening meýilnamasyny üstünlikli tamamlady. Trening meýilnamasy 2-7 dekabr aralygynda "Ynamly Kepil" koworking merkezinde geçirildi.


1675ce1bb84609.png
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady.