Türkmenistanyň Prezidenti täze desgalaryň gurluşygyny bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlamak tabşyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň maýa goýum meýilnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak, 2022-nji ýylda açylyp, ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygyny bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlamak, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek, şeýle hem raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini, maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksady bilen, 2022-nji ýylda iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň, desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlanmagyna, ulanmaga tabşyrylmagyna gözegçilik etmek, degişlilikde, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine tabşyryldy.
Gurluşyk we binagärlik ministrligi degişli iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň, desgalaryň gurluşygynyň hiline gözegçiligi güýçlendirmäge, şeýle hem möhlet tertibine laýyklykda her aýda ulanmaga tabşyryljak binalary, desgalary kesgitläp, olaryň geçiriljek çäreleriň, açyljak medeni-durmuş maksatly binalaryň aýlyk tertibine goşulmagyny üpjün etmäge borçly edildi.
Şeýle hem resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň, desgalaryň gurluşygynyň möhlet tertibine laýyklykda alnyp barlyşy barada her aýlyk hasabaty ýöretmek hem-de şol hasabaty degişlilikde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna bermek tabşyryldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.