Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi ýanwar-fewral aýlarynda 6,2% derejesinde galdy
Türkmenistanyň ykdysadyýetinde jemi içerki önümi öndürmek boýunça görkezijiler ýylyň başyndaky ýaly, ýagny 6,2 göterim möçberde saklanýar. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow geçen iki aýda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işiniň netijelerine bagyşlanan mejlisde belledi.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, geçen iki aýda oba hojalygynda ösüş depgini 3,2 göterim, söwda ulgamynda 8,8, ulag we aragatnaşyk pudagynda 4 göterim boldy.
Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryna golaý bolan, aglabasy durmuş maksatly dürli desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar. Şol desgalaryň jemi bahasy 18 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan böleginiň gurluşygyny bolsa, ýurdumyzyň gurluşyk-gurnama guramalarynyň alyp barýandygy aýratyn begendirýär.
Häzirki döwürde biz dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýy göz öňünde tutup, gazanan ösüş depginimizi saklap galmalydyrys. Şu ýyl alyp barmaly işlerimiziň maksatnamasyny bolsa ýakynda tassykladyk. Indi şu maksatnamany ýerine ýetirmegiň üstünde netijeli işlemelidiris diýip, döwlet Baştutany nygtady.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň ýanwar — fewral aýlarynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürilişi 10,7 göterim ýokarlandy. Ýanwar — fewral aýlarynyň netijeleri boýunça bölek haryt dolanyşygynyň mukdary 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,6 göterim, daşary söwda dolanyşygy boýunça 30,7 göterim artdy.
Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 106,1 göterim, çykdajy bölegi bolsa 96,9 göterim berjaý edildi.
Iri we orta kärhanalar boýunça ortaça aýlyk iş haky 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim artdy. Aýlyk iş haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary hem-de talyp haklary doly möçberde maliýeleşdirildi.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.