Habarlar

12-nji martda sagat 07:00-dan 19:00-a çenli ähli saýlaw uçastoklarynda türkmen döwletiniň Baştutany saýlanar

https://ussatnews.com/storage/posts/3071/original-1622b6401263df.jpeg

Türkmenistan möhüm wakanyň bosagasynda. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary häzirki zaman türkmen jemgyýetinde demokratiýanyň dabaralanmagynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy bolar. Saýlawlar açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýynda geçirilip, halkymyz ata Watanymyzyň geljegi üçin belent jogapkärçilige düşünmek bilen, iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň 9-syndan iň mynasybyna ses berer.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli saýlaw uçastoklary ýörite usulyýet gollanmalary, ses bermek üçin ýörite gutular, göçme saýlaw býulletenleri we usulyýet gönükdirijiler bilen üpjün edilip, olar saýlawlary geçirmäge doly taýýardyrlar. Ses bermek üçin otaglarda ýörite kabinalar gurnaldy. Her bir saýlaw uçastogy ygtybarly aragatnaşyk we ulag serişdeleri bilen üpjün edildi.

Uçastok saýlaw toparlary öz wezipelerini ýerine ýetirmäge aýratyn jogapkärçilikli çemeleşdiler. Olaryň düzümine zähmetkeşler toparlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň abraýly wekilleri girdiler. Işjeňleriň tagallalary bilen ilat arasynda giňden wagyz-düşündiriş işleri geçirildi. Munuň özi saýlawçylaryň işjeňligini has-da artdyrdy. Mundan başga-da, käbir sebäplere görä, saýlawlar güni öz saýlaw uçastogyna gelip bilmeýän raýatlara möhletinden öň ses bermek hukugy berildi. Häzirki wagtda bu ähli saýlawçylaryň sanynyň 7 göterimine golaýdyr. Olaryň dolduran býulletenleri ýörite möhürlenen gutularda sesleri sanamak pursadyna çenli saklanar.

Uçastok toparlarynyň işinde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň ynanylan wekilleri bilen işleri geçirmäge, şol sanda saýlawçylar bilen duşuşyklary guramakda we geçirmekde ýardam bermäge aýratyn orun berildi. Döwlet Baştutany wezipesine dalaşgärleriň duşuşyklarynyň ählisi taraplaryň arasynda ylalaşylan we bellenilen tertibe laýyklykda geçirildi. Şunda dalaşgärleriň ählisine saýlawlaryň öň ýanynda wagyz işlerini geçirmek üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berildi.

Ýurdumyzda geçirilýän saýlawlara dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanma bildirýändigini bellemek gerek. Ozal habar berlişi ýaly, saýlawlara daşary ýurtlardan we birnäçe halkara guramalardan, şol sanda GDA-dan, ŞHG-den, ÝHHG-den we Türki Döwletleriň Guramasyndan synçylar çagyryldy. Olara saýlawlaryň barşyna syn etmek üçin mümkinçilikler döredildi.

Şeýlelikde, 11-nji martda, ýarygije, hereket edýän saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möwsümiň iň möhüm tapgyrlarynyň biri — wagyz ediş tapgyry tamamlanar. 12-nji martda, şenbe güni bolsa sagat 07:00-dan 19:00-a çenli ähli saýlaw uçastoklarynda ses berler we onuň dowamynda türkmen döwletiniň Baştutany saýlanar.

Başga habarlar
16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.


16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.

16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.