Köp milletli agzybir ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses bermek dowam edýär
2022-nji ýylyň 12-nji martynda köp milletli agzybir ýurdumyzyň saýlaw uçastoklarynyň 2577-siniň hemmesinde sagat 7-de Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary başlandy we 19-da tamamlanýar. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre açyklyk, aýdyňlyk, demokratik we giň bäsdeşlik esasynda geçirilýär. Oňa saýlawçylaryň jemi 3435950-si hasaba alyndy.
Türkmenistanlylaryň ýurdumyzyň Prezidentiniň saýlawlaryna gyzyklanmasynyň iňňän uly bolmagy, türkmen halkynyň mizemez agzybirligini we jebisligini, döwletimiziň we jemgyýetimiziň hakyky demokratik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlylygyny nobatdaky gezek görkezýär.
Giň bäsdeşlik esasynda geçirilýän saýlawlaryň barşyna diňe syýasy partiýalardan we jemgyýetçilik guramalaryndan milli synçylar däl-de, eýsem, ýurdumyza gelen halkara bilermenler we synçylar hem gözegçilik ederler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça sagat 13-a çenli saýlawçylaryň 71,90% ses berdi.
Has takygy, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 71,86%, Balkan welaýatynda 73,46%, Daşoguz welaýatynda 70,73%, Lebap welaýatynda 71,29%, Mary welaýatynda 72,71%, Aşgabat şäherinde 72,83% ses berdiler.
Şeýle hem, daşary ýurtdaky saýlaw uçastoklarynda 63,19% saýlawçylar ses berdi.
Ses bermek dowam edýär.
Şu ýylyň 19-njy martynda “Oguz han” köşkler toplumynda Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň wezipesine girişmegi mynasybetli dabaraly çäre geçiriler.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.