Habarlar

Türkmenistanda Prezident saýlawlary geçirildi

https://ussatnews.com/storage/posts/3088/original-1622dc7ec2fb31.jpeg

12-nji martda ata Watanymyzda Türkmen döwletiniň Baştutanynyň saýlawlary aýratyn dabaraly ýagdaýda geçirildi. Ir bilen ýurdumyzda döredilen saýlaw uçastoklaryna saýlawçylar öz konstitusion hukuklaryny berjaý etmek—iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň 9-syndan has mynasybyna ses bermek üçin geldiler.

Hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, 11-nji martda Türkmenistanda saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işleri tamamlandy we 12-nji martda ir sagat 07-de ýurdumyzyň ähli saýlaw uçastoklarynda ses bermek başlandy. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň TDH beren maglumatlaryna görä, sagat 19-a, ýagny saýlaw uçastoklarynyň ýapylýan pursadyna çenli saýlawçylaryň 97 göterimden gowragy ses berdi.

Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä doly taýýarlyk bilen gelen ýurdumyzyň ähli saýlaw uçastoklarynda şu gün aýratyn işjeňlik, kalby joşgunlylyk we dabaralylyk emele geldi. Diýarymyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçdi. Şol ýerlerde konsertler we göçme söwdalar guraldy. Bu şanly gün ilkinji gezek ses bermäge gatnaşan ýaş saýlawçylaryň aýratyn ýadynda galar. Saýlaw uçastoklarynda olara gül desseleri we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Ata Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagy üçin öz seslerini berenleriň hatarynda watandaşlarymyzyň parahat durmuşyny goramakda gije-gündiziň dowamynda özleriniň ýeňil bolmadyk hem-de hormatly borçlaryny amala aşyrýan edermen türkmen esgerleri hem bar. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary ähli harby bölümlerde we birikmelerde geçirildi.

Merkezi saýlaw toparynyň TDH habar berşi ýaly, Türkmenistanyň paýtagtynda we bäş welaýatynda ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga hem-de halkara hukugynyň kadalaryna berk laýyklykda geçen saýlaw möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesi bellenildi. Bu ýagdaýy ýerlerde saýlawlaryň barşyna gözegçiligi amala aşyran milli synçylar hem doly tassykladylar. Muňa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Türki Döwletleriň Guramasyndan we daşary ýurtlardan synçylaryň wekilliginiň agzalary göz ýetirdiler. Olara saýlawlaryň näderejede geçendigi barada anyk maglumat almaga, türkmen halkynyň agzybirligine hem-de jebisligine göz ýetirmäge doly mümkinçilik boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary we şonuň bilen baglanyşykly wakalar halkara jemgyýetçiliginde hem-de dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ägirt uly gyzyklanma döretdi. Saýlaw uçastoklarynda bolan köpsanly daşary ýurtly žurnalistler hem saýlawlaryň demokratiýa ýagdaýynda geçirilendigine göz ýetirdiler.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň ählihalk saýlawlary guramaçylykly geçirildi. Ýakyn günlerde ses bermegiň gutarnykly jemleri jemlener, ýöne eýýämden saýlawlaryň Garaşsyz Türkmen döwletiniň iň täze taryhynda möhüm döwür bolmak bilen, hakyky demokratik esasda geçendigini doly tassyklamak bolar.

Başga habarlar
16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.


16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.

16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.