Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara
19-nji martda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi.
Bu gün Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň taryhyna ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we asyrlaryň dowamynda kemala gelen halk häkimiýetlilik däplerini alamatlandyrýan demokratik özgertmeleriň ähmiýetini açyp görkezýän sene hökmünde girdi. Mälim bolşy ýaly, 12-nji martda açyklyk, aýdyňlyk we giň bäsdeşlik esasynda, milli kanunçylyga hem-de umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda geçirilen Prezident saýlawlarynyň jemleri boýunça iň ýokary döwlet wezipesine saýlawçylaryň köp sanly seslerine mynasyp bolan Serdar Berdimuhamedow saýlandy.
Ir bilen hormatly Arkadagymyz — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Oguz han” köşkler toplumyndan çykyp, Ruhyýet köşgüne tarap ugradylar.
Şu gezekki Prezident saýlawlarynyň hil taýdan täze taryhy şertlerde geçirilendigini bellemek gerek. Häzirki döwürde Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri hem-de zähmet ýeňişleri, ata Watanymyzyň halkara derejede beýik abraýa eýe bolmagy bilen baglanyşykly işleri amala aşyran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda ýurdumyzda giň möçberli maksatnamalar hem-de taslamalar üstünlikli amala aşyryldy. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Bu bolsa Türkmenistanyň mundan beýläk-de okgunly ösüşi hem-de onuň parahatçylygyň, döredijiligiň we abadançylygyň ýoly bilen ynamly gadamy üçin ygtybarly binýady emele getirdi.
Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, durmuş we hukuk ugurlarynda durmuşa geçirilýän özgertmeler hil taýdan täze dünýägaraýyşly nesilleriň kemala gelmegini şertlendirdi. Halkymyz oňyn tejribe toplamak we jogapkärçilikli raýatlyk nukdaýnazary bilen, Watanymyzyň taryhynyň ösüşiniň täze tapgyryna gadam goýdy. Jemgyýetimiziň mizemez bitewüligini we agzybirligini alamatlandyran Prezident saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi munuň aýdyň beýanydyr.
Täze taryhy eýýamda täzeçil usullardan baş çykarýan, giň dünýägaraýyşly hem-de häzirki zaman ylmyna, oňyn pikirlenmelere ygrarly ýaş nesilleriň ýetişmegi bilen baglanyşykly meselelere Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döredijilikli içeri we daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzyň we halkymyzyň ykbaly barada jogapkärçiligi öz üstüne almaga ukyply ýaş ýolbaşçylary öňe sürmek barada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen mejlisinde beýan eden başlangyjy aýratyn ähmiýete eýedir. Şonda milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýaşuly nesliň aň-paýhasy, baý tejribesi bilen ýaşlaryň gujur-gaýratynyň utgaşan ýerinde ýetilmejek maksat, gazanylmajak sepgit ýokdur! Türkmenistanlylar bu pikiri biragyzdan makulladylar we goldadylar. Onda halypalygyň asylly däpleri, döwürleriň aýrylmaz arabaglanyşygy hem-de nesilleriň dowamatlylygy öz aýdyň beýanyny tapýar.
Indi bolsa hut ýaş ýolbaşçylar ähli güýç-gaýratyny, bilimlerini we ukyplaryny ulanyp, aň-paýhas hem-de döredijilik kuwwatyndan peýdalanyp, möhüm döwlet wezipelerini netijeli çözmelidirler, kabul edilen uzak möhletli maksatnamalary, geljegi uly meýilnamalary hem-de taslamalary netijeli durmuşa geçirmelidirler. Şol maksatnamalar Watanymyzyň abadançylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de dünýä giňişligindäki abraýyny ýokarlandyrmaga, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Şu gün paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Bu ýerde dabaranyň başlanmagyna ähli zat taýýar edilipdir. Dabara gatnaşýanlaryň hatarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň ýolbaşçylary, milli parlamentiň iki palatasynyň agzalary we deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, harby gullukçylar hem-de hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekilleri bar.
Ýygnananlaryň hatarynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň agzalary, döwlet Baştutany wezipesine hödürlenen dalaşgärler bar. Zala Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, milli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de giň jemgyýetçiligiň wekilleri hem ýygnandylar.
Ruhyýet köşgüne ýygnananlar täze saýlanan döwlet Baştutanyny ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.
Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly ýöriş sazy bilen Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň Tuguny, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň Tapawutlandyryjy nyşanyny hem-de mukaddes Gurhany getirýärler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça ses bermegiň jemlerini yglan etmek üçin, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradowa söz berilýär.
Merkezi saýlaw toparynyň başlygy 2022-nji ýylyň 12-nji martynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ählihalk saýlawlarynyň netijeleri barada habar berdi.
Ýurdumyzyň, halkymyzyň durmuşynda ykbal kesgitleýji ähmiýeti bolan möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakanyň aýdym-sazly toý-dabaralara beslenip, giň gerim, uly buýsanç bilen geçirilmegi, ýaşulularymyzyň, enelerimiziň, ýaşlarymyzyň — tutuş halkymyzyň saýlawlara işjeň gatnaşyp, agzybirlikde ses bermegi türkmen halkynyň watançylyk duýgularynyň, jebislik häsiýetleriniň, demokratik ýörelgeleriniň kämilligini anyk görkezdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary, halkara guramalaryň wekilleriniň hem-de synçylaryň belleýşi ýaly, aç-açanlyk, aýanlyk, erkinlik, bäsdeşlik esasynda geçirilip, türkmen jemgyýetinde demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygyny, döwletimiziň öňe tarap ynamly gadam urýandygyny, ilatyň raýatlyk borçlaryny berjaý etmekde örän işjeňligini görkezdi.
Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Prezident saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen watandaşlarymyzy tüýs ýürekden gutlap, halkymyzyň jebisdigini, bitewüdigini ýene bir gezek dünýä jar edip, ata-baba gelýän ýörelgeleriniň şu toprakda dowamat-dowamdygyny aýdyň beýan edendigini belledi.
Habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary ata-babalarymyzdan gelýän demokratik ýörelgelerimize, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, milli kanunlarymyza, umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda, ählumumy, deň, göni saýlaw hukugy, saýlawlaryň gizlinligi we saýlawlaryň erkinligi ýörelgelerinde hem-de bäsdeşlik esasynda geçirildi.
Saýlawlaryň geçirilişine Türkmenistanyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary we dalaşgärler tarapyndan bellenen milli synçylaryň 3 müňe golaýy syn etdi.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň wekilleri, dünýäniň dürli döwletlerinden bolan halkara synçylar saýlawlara taýýarlyk işleri, onuň demokratik esaslarda geçirilişi bilen tanyşdylar. Abraýly halkara guramalaryň wekilleri, halkara synçylar toparlary Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň asudalyk, açyklyk, aýanlyk ýagdaýynda, milli kanunlarymyza, dünýäde umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda, demokratik ýörelgeler esasynda geçirilip, Türkmenistanyň ösüşiň demokratik ýoluna ygrarlydygyny aýdyň görkezendigini ykrar etdiler.
Türkmenistanyň merkezi saýlaw toparynyň şu ýylyň 14-nji martynda geçirilen mejlisinde saýlawlaryň netijeleri jemlenildi. Türkmenistan boýunça 3 million 460 müň 80 saýlawçydan 3 million 362 müň 52-si ses berip, 97,17 göterim gatnaşyk boldy. Türkmenistan boýunça saýlawlarda ses berlişiniň netijesi boýunça — dalaşgär Perhat Begenjow saýlawçylaryň sesleriniň 2,02 göterimini, dalaşgär Agajan Bekmyradow 7,22 göterimini, dalaşgär Serdar Berdimuhamedow 72,97 göterimini, dalaşgär Berdimämmet Gurbanow 2,22 göterimini, dalaşgär Babamyrat Meredow 1,08 göterimini, dalaşgär Hydyr Nunnaýew 11,09 göterimini, dalaşgär Maksat Ödeşow 1,15 göterimini, dalaşgär Maksatmyrat Öwezgeldiýew 1,16 göterimini, dalaşgär Kakageldi Saryýew 1,09 göterimini aldy.
Merkezi saýlaw toparynyň şu ýylyň 14-nji martynda geçirilen jemleýji mejlisinde kabul eden karary esasynda, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlarda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň 72,97 göterimini alan dalaşgär Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti diýlip ykrar edildi.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy şu ýylyň 12-nji martynda geçirilen ählumumy, demokratik saýlawlarda gazanan ýeňşi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň berkararlygy, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda alyp barýan tutumly işlerinde rowaçlyklar, uly üstünlikler arzuw etdi.
Dabaraly pursat ýetip gelýär, Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýörite niýetlenen münbere barýar.
Asylly däbe görä, sahna ak gyňaçly eneler çykýarlar. Olaryň biri ak ýola hem-de asylly işlere ak pata bermegiň nyşany hökmünde düýrlengi ak keçäni getirýär we ýazýar. Beýleki ak gyňaçly ene abadançylygyň we berekediň nyşany hökmünde türkmen saçagyny saklap durýar.
Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti müdimi milli mukaddesliklere sarpa goýýar we münbere baryp durýar.
Soňra Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti sag elini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna goýup, Türkmenistanyň halkyna kasam edýär:
«Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişmek bilen:
— öz üstüme ýüklenen beýik borçlary mukaddes we ak ýürekli, hormat bilen we ýadawsyz ýerine ýetirmäge;
— Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny goramaga;
— adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny hormatlamaga hem-de goramaga;
— Türkmenistanyň Konstitusiýasyny berjaý etmäge we goramaga;
— ähli güýjümi we ukybymy türkmen halkynyň agzybirligine, onuň parahat durmuşyny goramak üçin bagyş etmäge;
— türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleriniň şöhratyny has-da belende götermek üçin ähli mümkinçilikleri peýdalanmaga;
— türkmen halkyna wepaly we dogruçyl hyzmat etjekdigime dabaraly kasam edýärin».
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy ähli türkmen halkynyň adyndan saýlanan döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidentiniň şahsyýetnamasyny gowşurýar.
Soňra welaýatlara hem-de Aşgabat şäherine wekilçilik edýän hormatly ýaşulular döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Tapawutlandyryjy nyşanyny gowşurýarlar we türkmen halkynyň adyndan mähirli gutlaýarlar.
Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda öz wezipesine girişendigi dabaraly ýagdaýda yglan edilýär.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýerine ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň öňünde baş egýär we mukaddes baýdagy öpüp, oňa togap edýär.
Soňra türkmen döwletiniň Baştutany wezipesine girişen Serdar Berdimuhamedow söz sözleýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlary we ähli watandaşlarymyzy mübärekläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna ählihalk saýlawlarynda özüne bildiren ynamy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Bu saýlawlaryň netijesinde Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlandy.
Mähriban halkymyň meni Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlap, bildiren uly ynamy watandaşlarymyzyň asuda we abadan durmuşynyň, nesillerimiziň bagtyýar geljeginiň bähbidine türkmen döwletiniň gülläp ösmegi hem-de berkemegi üçin has yhlasly zähmet çekmäge borçly edýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşyny dowam edip, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli geçirilýän dabaraly çärä gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin hormatly ýaşulularymyza, mähriban enelerimize, ýaşlarymyza, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalaryna hem-de Mejlisiň deputatlaryna, Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň wekillerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz özi bilen birlikde Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşan watandaşlarymyza hem minnetdarlyk bildirdi. Olar ählihalk saýlawlaryna türkmen halkynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär hökmünde iň mynasyp adamlary hödürländigini subut etdiler.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu örän möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni halkara talaplara laýyklykda, aç-açanlyk hem-de aýdyňlyk ýagdaýynda, ýokary derejede gurandyklary üçin Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň agzalaryna, milli hem-de halkara synçylara, saýlawlary üstünlikli geçirmäge gatnaşan ähli watandaşlarymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek bilen, ýurdumyzyň halkyna wepaly hyzmat etjekdigi barada kasam etdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu wezipede nähili işlejekdigi, ilkinji nobatda zerur bolan haýsy meselelere seretjekdigi barada aýdyp, öňde goýlan möhüm wezipelere ünsi çekdi.
Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk. Biziň esasy maksadymyz mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekden ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Şu belent maksatlara ýetmegiň ýoly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde kabul edilen hem-de ata Watanymyzyň geljek 30 ýylda gülläp ösmegine gönükdirilen Milli maksatnamada aýdyň beýan edildi. Bu maksatnama «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» diýlip atlandyrylýar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň kuwwatyny pugtalandyrmakda, halkara abraýyny ýokarlandyrmakda uly işleri bitirdi. Oňyn syýasy, ykdysady we medeni özgertmeleri üstünlikli amala aşyrdy. Hereket etmegiň oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan maksatnamasyny durmuşa geçirdi. Milletiň Lideriniň döwleti dolandyrmakda, ýurdumyzy ösdürmekde maksada okgunlylygy hem-de syýasy öňdengörüjiligi, halkyna ynamy we söýgüsi türkmen döwletini ynamly ösüş ýoluna çykarmaga mümkinçilik berdi.
Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmek üçin bellenen esasy ýol, öňde goýlan maksatlar, geljegi uly wezipeler meniň geljekde alyp barjak işimiň esasynda durýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyga, özara hormatlamaga we deňhukuklylyga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga esaslanan Bitaraplyk syýasatyny dowam eder. Biziň döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeler, anyk aýdylanda bolsa, Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, durnukly ösüşi üpjün etmek geljekde hem Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, halkara gatnaşyklarda Türkmenistan ozalky syýasy garaýyşlarynda galýar. Biziň döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna, hereket edýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn halkara ylalaşyklara, şertnamalara hem-de konwensiýalara laýyklykda, öz halkara borçnamalaryny doly ýerine ýetirer. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky we beýleki halkara maliýe-ykdysady guramalar bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkider.
Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin açykdyrys. Olar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary geljekde hem ösdürmegi maksat edinýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Biz ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň ýokary halkara abraýyny has-da berkideris. Sebäbi Watanymyzyň mertebesi halkymyzyň mertebesidir!
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, döwletimiziň Konstitusiýasynda raýatlarymyzyň kepillendirilen hukuklaryny goramagyň özüniň esasy borjudygyny nygtady. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty we Mejlisi ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek işini dowam etdirer. Döwletimiziň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatdaky ynsanperwer syýasatyny mundan beýläk hem üpjün ederis. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ygtyýarlyklary has-da kämilleşdiriler.
Biziň goranyş häsiýetli doktrinany berjaý edýän milli Ýaragly Güýçlerimize döwletimiziň Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny goramakda, durnuklylygyny üpjün etmekde uly orun degişlidir. Bitarap Watanymyzyň goranmak kuwwaty halkymyzyň asuda we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şuny göz öňünde tutup, biz milli Ýaragly Güýçlerimiziň, beýleki harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary ederis. Bu edaralar üçin geljekde hem häzirki zamanyň iň kämil tehnikalaryny hem-de beýleki zerur enjamlary satyn alarys. Harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Geljekde biz Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny giň gerim bilen ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen syýasaty durmuşa geçireris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Howanyň üýtgemeginiň, senagatyň daşky gurşawa we adam saglygyna ýaramaz täsirini peseltmegiň, daşky gurşawa zyňyndylaryň möçberini azaltmagyň üstünde işlemek Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolar.
Men saýlawçylar bilen geçiren duşuşyklarymda paýtagtymyzda «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumyny, welaýatlarda täze, häzirki zaman obalarynydyr şäherçelerini gurmak barada jikme-jik aýtdym. Nesip bolsa, bu işleri geljekde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hem dowam etdireris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Garaşsyz döwletimiziň elektrik energetikasy pudagyna köp möçberde maýa goýumlar gönükdiriler. Türkmen energiýa serişdelerini daşarky bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek üçin elektrik energiýasynyň öndürilişi artdyrylar we ony ibermegiň ulgamy kämilleşdiriler diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. Geljekde ýurdumyzda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini, şol sanda Gün batareýalaryny öndürmegi giňden ýola goýmak we ornaşdyrmak hem meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, daşary ýurtlardan ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny satyn almak üçin maýa goýumlaryň möçberi-de artdyrylar.
Ekologik abadançylygy üpjün etmek, geljek nesillerimiz üçin ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak hem-de olaryň biologik dürlüligini artdyrmak, tebigy serişdelerimizi netijeli we durnukly peýdalanmak, şeýle hem bereketli topragymyzy gülläp ösýän mekana öwürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçiriler.
Önümçilige häzirki zaman suw tygşytlaýjy tehnologiýalar hemişelik esasda ornaşdyrylar we suwarmagyň ozal ulanylýan usullary kämilleşdiriler. Ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmäge, mallaryň hem-de guşlaryň baş sanyny artdyrmaga, tohumçylyk işini ylmy taýdan esaslandyrylan usullara laýyklykda giňeltmäge aýratyn üns berler.
Biz ahalteke atlarynyň baş sanyny we dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak, milli itşynaslyk mekdebiniň baý däplerini gorap saklamak we baýlaşdyrmak, türkmen alabaýlarynyň sanyny köpeltmek boýunça hem möhüm işleri dowam etdireris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek örän möhüm wezipeleriň biridir. Munuň üçin biz dünýä standartlaryna laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirki zaman önümçiliklerini dörederis. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan oba hojalyk önümlerini özümizde giňden öndürip, olaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Häzirki döwürde ulag-logistika ulgamy sebitleri we dünýäniň kontinentlerini birleşdirýän güýje öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolup durýar. Şoňa görä-de, bu geografik ýagdaýdan we beýleki mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanarys.
Biz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagyna geljekde hem ünsi jemläris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen milli halyçylyk sungaty barada durup geçdi. Bu sungat ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu ajaýyp sungat ösüp gelýän nesillerimizi terbiýelemekde, gadymy senedimizi ösdürmekde mynasyp orny eýeleýär. Şoňa görä-de, halylarymyzy täze göllerdir nagyşlar bilen baýlaşdyrmak, ýerli we daşary ýurtly alyjylaryň isleglerini doly kanagatlandyrmak boýunça işler dowam etdiriler.
Hususy pudak üçin hem döwletimiz ähli şertleri döredýär. Döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we döwlete dahylsyz pudagy ösdürmek döwlet syýasatymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda işlejek kiçi, orta we iri tehnologik kärhanalaryň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barlar. Bu bolsa ykdysady kuwwatymyzy berkitmäge oňyn täsir eder diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Döwletimiziň ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň ösüşi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny berkitmäge gönükdiriler. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Bilim bermekde sanly tehnologiýalar giňden ulanylyp, uzak aralykdan okatmak we maglumatlary alyşmak işleri amala aşyrylar. Bu çäreler ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini dünýäde iň ýokary derejä çykarmaga mümkinçilik berer.
Ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar. Şoňa görä-de, ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek, saglygy goraýşy we derman senagatyny dünýä derejesinde ösdürmek boýunça köp işler amala aşyrylýar. Saglygy goraýyş ulgamynda özgertmeler dowam etdiriler. Täze-täze hassahanalar, bejeriş-sagaldyş edaralary gurlup, döwrebap lukmançylyk enjamlary we derman serişdeleri bilen üpjün ediler.
Garaşsyz döwletimizde köpçülikleýin sporty ösdürmäge we ýaşlar syýasatyna esasy orun degişlidir. Şonuň üçinem, ilatyň giň gatlaklaryny bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, çagalar sportuny ösdürmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek boýunça işler dowam etdiriler diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy. Biz medeniýet ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça işleri dowam etdireris. Şeýle hem taryhy-medeni mirasymyzyň desgalaryny abat saklamak, öwrenmek, taryhy we medeni ýadygärliklerimizi dikeltmek işlerini-de alyp bararys. Şonuň ýaly-da, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin bu desgalaryň sanyny artdyrmak boýunça hem işleri geçireris.
Ilaty durmuş we hukuk taýdan goramagy güýçlendirmek döwlet Baştutanynyň baş wezipeleriniň biri bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. Biziň döwletimiz zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem ilata beýleki durmuş kömeklerini bermek boýunça görülýän çäreleri hiç wagt ünsden düşürmez.
Biz köp çagaly maşgalalara döwlet goldawyny mundan beýläk-de gowulandyrarys. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek esasy aladalaryň biri bolar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda geljekde edilmeli işler barada umumylaşdyryp eden çykyşyny tamamlap, kabul eden maksatnamamyzda öňde goýan wezipelerimizi öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin ähli mümkinçiliklerimizi ulanyp, agzybirlikde we jebislikde, el-ele berip işlemelidigimizi belledi.
Öz öňümde goýan maksatlarymy üstünlikli amala aşyrmakda men, ilkinji nobatda, halkymyza, onuň agzybirligine we jebisligine, aň-düşünjesine hem-de merdanalygyna bil baglaýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Watan diňe halky bilen Watandyr!
Döwlet diňe halky bilen döwletdir!
Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris!
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna işjeň gatnaşan, şol sanda özi üçin ses beren ähli saýlawçylara ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, özüne bildirilen örän uly ynama ýokary baha berýändigini nygtady. “Bu ynamyň diňe özüme däl-de, eýsem, bilimli-terbiýeli, iň öňdebaryjy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ähli türkmen ýaşlaryna hem bildirilen ynamdygyna düşünýärin” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bular barada aýdyp, mukaddes Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we mähriban halkymyzyň parahat, abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň bähbidine gujur-gaýratyny, bilim-tejribesini we başarnygyny gaýgyrmajakdygyna hemmeleri ýene-de bir gezek ynandyrdy.
Biz beýik döwlet Türkmenistanda, parahat we arassa asmanyň astynda, uzak hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamalydyrys, abadan we gül ýaly durmuşymyza buýsanmalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşyny joşgunly setirler bilen jemledi.
Bu ýurt biziň Watanymyzdyr!
Bu ýer biziň mähriban topragymyzdyr!
Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys!
Ýaşasyn türkmen halky!
Ýaşasyn Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan!
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çykyşy uly üns bilen diňlendi we şowhunly hem-de dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Döwlet Baştutanymyzyň adyna Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglar aýdylýar, il-ýurt bähbitli döwletli işlerinde uly üstünlik, berk jan saglyk, uzak ömür arzuw edilýär.
Wezipä girişmek dabarasy tamamlanyp barýar, Aýratyn Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly ýöriş sazynyň astynda tomaşaçylar zalynyň içi bilen ýöräp, Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň Tuguny, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we mukaddes Gurhany alyp gidýärler.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, zaldan ugraýar.
Hormatly Prezidentimiz Ruhyýet köşgüniň daşyna çykyp ýöräp ugranynda, döwlet Baştutanymyzy halk köpçüligi — hormatly ýaşulular, ak gyňaçly eneler, talyp ýaşlaryň we türkmenistanlylaryň körpe nesilleriniň wekilleri dabara bilen ugratdylar. Munuň özi ähli halk tarapyndan saýlanan döwlet Baştutanyna ägirt uly ynamyň hem-de onuň ähli başlangyçlarynyň üstünliklere beslenjekdiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Ruhyýet köşgünden awtoulagda hormatly atlylar kerweniniň ugratmagynda “Oguz han” köşkler toplumyna tarap ugraýar we «Galkynyş» meýdançasynyň töwereginde öwrüm edýär.
“Oguz han” köşkler toplumynyň esasy girelgesiniň öňünde Hormat garawuly batalýonynyň hem-de goşunlaryň dürli kysymlarynyň harby bölümleriniň esgerleri nyzama düzüldi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow hasabat berýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty kabul edip, harby gullukçylar — ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini mynasyp dowam etdirýän Watan goragçylary bilen salamlaşýar.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.
Soňra nyzama duran ähli şahsy düzüm Türkmenistanyň Döwlet kasamyny ýerine ýetirýär.
Dabaraly ýöriş sazynyň astynda harby gullukçylar Türkmenistanyň Prezidentiniň, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň öňünden sazlaşykly gadam urup geçip gidýärler we harby taýýarlygyň ussatlygyny görkezýärler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iň ýokary döwlet wezipesindäki borçlaryny ýerine ýetirmäge girişmek üçin “Oguz han” köşkler toplumyna tarap ugraýar.
Şu gün Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Hökümet agzalarynyň ygtyýarlyklaryny tabşyrmaklary hakyndaky Karara gol çekdi. Ygtyýarlyklaryny tabşyran Ministrler Kabinetiniň agzalary onuň täze düzümi düzülýänçä, öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegi dowam ederler.
Şeýlelikde, bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň häzirki taryhyna demokratiýanyň dabaralanmagynyň hem-de halkymyzyň bitewüliginiň, ýurdumyzyň saýlap alan parahatçylyk söýüjilik, abadançylyk we döredijilik ýoluna berk ygrarlydygynyň aýdyň nyşany hökmünde girer.
***
Şu gün Kabul ediş merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmegi mynasybetli resmi kabul edişlik guraldy.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerde geçirilýän dabara gatnaşyjylara ýüzlenmek bilen, saýlawlara işjeň gatnaşyp, özüne ýokary ynam bildiren mähriban halkymyza, ähli raýatlarymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkymyzyň ynamyny ödemek, Gahryman Arkadagymyzyň syýasatda, ykdysadyýetde, medeni ulgamda we jemgyýetçilik durmuşynda başlan özgertmelerini dowam etdirmek üçin raýatlarymyzyň hem-de geljek nesilleriň abadançylygynyň bähbidine yhlas bilen zähmet çekjekdigini ýene bir gezek nygtady.
Soňra ýurdumyzyň sungat ussatlary Watanymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly waka mynasybetli belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar. Olar özleriniň gyzykly konsert maksatnamasy bilen döwlet Baştutanymyzyň we myhmanlaryň öňünde çykyş etdiler.
Kaşaň sahnada belli sazandalaryň, halk hem-de estrada aýdymçylarynyň Garaşsyz Watanymyzy, onuň tebigy gözelligini we döredijilik kuwwatyny wasp edýän aýdym-sazly eserleri ýatda galyjy pursatlara beslendi.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplaryndan düzülen ýaş ýerine ýetirijileriň çykyşlary konsert maksatnamasynyň özenini düzdi. Dünýäniň dürli halklarynyň dillerinde ýerine ýetirilen halk we estrada aýdymlary bir bitewi sazlaşygy emele getirdi.
Baýramçylyk konsertiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň hemmesiniň gatnaşmagynda watançylyk aýdymy ýaňlandy. Ol halkymyzyň öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam goýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyza buýsanç duýgularynyň senasyna öwrüldi.
***
Agşamlyk baýramçylyk dabaralary paýtagtymyzyň günorta künjeginde dowam etdi. Türkmenistanyň Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we dabara gatnaşyjylary meşhur aýdymçylardyr ýurdumyzyň tans toparlary şatlyk-şowhun bilen garşyladylar.
Artistleriň şowhunly çykyşlarynda mähriban Watanymyza söýgi, halkymyzyň belent watansöýüjilik ruhy we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine bolan ygrarlylygy öz beýanyny tapdy.
Asmana atylan feýerwerk bu ýerde guralan dabaranyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi. Ak mermerli Aşgabadyň asuda asmanyny ýagtylandyran älemgoşar öwüşginleri şu günki geçirilen möhüm çäre bilen özboluşly sazlaşygy döretdi.
***
Şeýle hem şu gün Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmeginiň hormatyna paýtagtymyzdaky Hezreti Omar metjidinde toý sadakasy berildi.
«Türkmennebit» DK SNGIZ-niň maddy-üpjünçilik binýadyny pugtalandyrmak üçin degişli işleri geçirmäge ygtyýar berildi
21-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.
Gazçylaryň ýaş türgenleri ynamly ýeňiş gazandy
Ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 19-njy noýabryndan 5-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebi tarapyndan Halkara bitaraplyk güni mynasybetli 2010 — 2014-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi.
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan Işlemek başarnyklary boýunça trening geçirdi
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça gatnaşyjylar üçin trening meýilnamasyny üstünlikli tamamlady. Trening meýilnamasy 2-7 dekabr aralygynda "Ynamly Kepil" koworking merkezinde geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady.