Serdar Nurýagdyýew - «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň baş geofizigi
- 19-njy martda Ruhyýet Köşgüniň ajaýyp zalynda biz möhüm wakanyň – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmek dabarasynyň şaýatlary bolduk. Bu çäre örän dabaraly bolup, onda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan däp-dessurlaryň öz beýanyny tapmagy özüňi halkyň köpasyrlyk ýyl ýazgysyna dahyllylygyňy duýup, buýsanjyňy has-da artdyrýar. Şol ýyl ýazgysyna bolsa bu gün ýene-de bir möhüm sahypa ýazyldy.
Türkmenistanyň täze saýlanylan Prezidenti şu pursatdan başlap, garaşsyz, hemişelik bitarap Türkmenistanyň taryhynda täze döwrüň başlanýandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow garaşsyz bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda öňde durýan jogapkärli we belent wezipelere bolan garaýşyny anyk beýan etdi. Olar ozaly bilen, Türkmen döwletiniň mizemez esaslaryny berkitmek, onuň halkara abraýyny hem-de ykdysady kuwwatyny artdyrmak bolup, bu beýik işleri biz bilelikde ýerine ýetireris.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.