Habarlar

«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň işgärleri guýularyň öndürijiligini artdyrýar

https://ussatnews.com/storage/posts/3163/original-1623edd53eb28f.jpeg

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri üçin geçen ýyl üstünliklere beslendi. 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende tebigy gazyň önümçiliginiň ösüş depgini 144%-e deň boldy.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygar astynda geçýän 2022-nji ýylyň her bir güni müdirligiň hünärmenleri üçin täze zähmet üstünliklerine beslenýär. «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň brigadalarynyň hünärmenleri guýularyň öndürijiligini dikeltmek we artdyrmak bilen bagly işleriň giň toplumyny ýerine ýetirýärler.

Guýulary düýpli abatlamak işiniň barşynda ýokary hünär taýýarlykly hünärmenler müdirligiň ygtyýarynda bolan häzirki zaman enjamlardan peýdalanýarlar. Belläp geçmeli zatlaryň biri, «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň düzüminde 11 sany brigada hereket edip, olar Garagum sähralarynda ýerleşen guýularda abatlaýyş-öňüni alyş işlerini geçirmekde aýratyn tapawutlandyrlar.

2022-nji ýylyň başyndan bäri, üç sany guýy abatlanyldy we ulanyşa girizildi, geçen ýylda – 42 sany guýy ulanyşa girizildi.

Abatlaýyş-öňüni alyş çäreleri tehnologik prosesleriň howpsuzlygynyň girewi bolup durýar, guýularyň düýpli abatlanylmagy bolsa, olaryň öndürijilik mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Başga habarlar
16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.


16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.

16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.