Habarlar

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

https://ussatnews.com/storage/posts/3171/original-162427bd306175.jpeg

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy, az kükürtli ýangyç mazudyny, nebit koksuny, polipropileni, tehniki kerosini, Türkiýäniň, Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçileri bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Şotlandiýanyň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekillerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri hem-de buýan köki ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 62 million 199 müň dollaryna barabar boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 15 million 602 müň manatdan gowrak bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.

Başga habarlar
169fcdbb98954b.jpeg
“Ekologiýa abadançylygy – zeminiň gözelligi” atly çäre geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda institutyň “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO kluby hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda “Ekologiýa abadançylygy – Zeminiň gözelligi” atly eko-kwest aksiýasy geçirildi. Bu barada jemgyýetçilik guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.


169f9cdc59ebf4.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dört aýyň jemlerine garaldy

5-nji maýda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


169f84824718f5.jpeg
Ýaryşlar ussatlary saýlady

Paýtagtymyzdaky nebitgaz senagatynyň işgärleriniň ýaşaýyş toplumynda «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly sport hepdeligi geçirildi.

169e983c80480a.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy.


169e98261e1241.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy.