Habarlar

Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» Halkara maýa goýum forumy öz işine başlady

https://ussatnews.com/storage/posts/3181/original-16242d7241eedf.jpeg

Şu gün Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda 13:00-da «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT-2022) Halkara maýa goýum forumy öz işine başlady. Şu gün şeýle hem Dubaýdaky EXPO – 2020 halkara sergisine gatnaşyjylar bilen teleköpri guralar.

Forumyň guramaçylary bolup, «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Turkmen Forum» we GaffneyCline britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär – diýip, OGT-2022-niň metbugat beýanatynda habar berilýär.

Halkara maslahatynyň başynda Türkmenistanyň Minsitrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny okady. Döwlet Baştutanynyň Gutlagynda belleýşi ýaly, Türkmenistan halkara giňişlikde ynamdar hyzmatdaş hökmünde tanalýar. Şonuň bilen baglylykda, bu halkara onlaýn foruma köp sanly abraýly daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşyp, türkmen hünärmenleri bilen ýyllarboýy toplanylan tejribelerini paýlaşmagy hyzmatdaşlygyň täze ugurlary barada pikir alyşmaga mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň Prezidenti bu halkara onlaýn forumyň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen bilelikde daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň özara tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda hem-de özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ýangyç-energetika pudagyny ösdürmek boýunça eziz Diýarymyzda giň möçberli taslamalar amala aşyrylýar. Bu halkara maslahat daşary ýurt işewürlerine ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiýasy, döwrebap tehnologiýalary işjeň çekmegiň tejribesi, hyzmatlary amala aşyrmagyň ýollary bilen tanyşmaga mümkinçilik berer. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gyzyklanmasy, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz senagatynda amala aşyrylýan özgertmeleriň giň gerimi hem-de dünýäniň esasy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen şertlendirilendir.

Şol bir wagtda onlaýn görnüşde hem geçirilýän foruma gatnaşýan wekilleriň arasynda dünýäniň iri energetika kompaniýalary, şol sanda CNPC, SOCAR, Dragon Oil, TOPH, Mitro International, Westport Trading Europe Limited, Haldor Topsoe, NAPECO we Ýug-Neftegaz kompaniýalary bar.

Maslahatyň işine halkara energetika guramalary — Nebiti eksport edijileriň guramasy (OPEC), Halkara energetika agentligi (HEA), Fransuz gaz assosiasiýasy, Dubaýyň elektroenergetika we suw üpjünçilik müdirligi (DEWA) bar.

Diskussiýalara şeýle hem maliýe we bank institutlarynyň wekilleri — Aziýanyň ösüş bankynyň, Yslam ösüş bankynyň we Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň wekilleri gatnaşar.

Iki günlük forumyň barşynda energetikanyň geljegi, sebit energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň orny; täze energetika eýýamynda maýa goýum taslamalarynyň mümkinçilikleri; uglewodorodlary çykarmakda innowasion tehnologiýalar we nou-haular; ugurdaş gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak; uglewodorodlary gaýtadan işlemek we ugratmak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ýaly meselelere garalar.

Halkara forumyň çäklerinde şeýle hem Türkmenistanyň nebitgaz kompaniýalarynyň, iri zawodlarynyň ýolbaşçylary daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň, banklarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirer.

Bu abraýly işewürlik forumy Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna maýa goýumlaryny çekmek, türkmen döwlet edaralary bilen halkara nebitgaz kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek maksady bilen geçirilýär.

Başga habarlar
16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.


16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.

16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.