Habarlar

Şahym Abdrahmanow Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeri wezipesine gaýtadan bellenildi

https://ussatnews.com/storage/posts/3183/original-162436f8cec21a.jpeg

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şahym Abdrahmanowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemek hakynda resminama gol çekdi. Degişli resminama döwlet Baştutany anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Mejlisiň dowamynda Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň binýatlyk pudagy bolan nebitgaz toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady.

Döwlet Baştutany oňyn iş tejribesini nazara alyp, Ş.Abdrahmanowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz pudagynyň meseleleri boýunça orunbasary wezipesine bellemek barada karara gelendigini aýtdy.

Şeýle hem wise-premýeriň üstüne Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý toparynyň, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça Ýolbaşçy komitetiň türkmen böleginiň başlygynyň borçlary ýüklenildi.

Prezident Hökümet Baştutanynyň orunbasaryna ýüzlenip, gözegçilik edýän pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň esasy ünsüni, ilkinji nobatda, önümçilik tabşyryklarynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegini, pudagyň maliýe-ykdysady ösüşini, önümiň ýokary düşewüntli bolmagyny gazanmaga çekmelidigini nygtady.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny ahyryna çenli ýerine ýetirmek gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezildi. Möhüm halkara ähmiýeti bolan bu gaz geçiriji diňe bir Türkmenistandan Günorta Aziýanyň örän iri ýurtlaryna tebigy gazy uzak möhletleýin ibermegi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebiti mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek üçin hem kuwwatly itergi beriji güýje öwrülmelidir.

Şunuň bilen birlikde, «Galkynyş» gaz känini, geljegi uly bolan beýleki nebitgaz ýataklaryny mundan beýläk-de özleşdirmegi dowam etmegiň, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny has çalt depginde özleşdirmek maksady bilen, daşary ýurt maýa goýumlaryny köpräk çekmegiň wajypdygy nygtaldy.

Prezident degişli Permana gol çekip, wise-premýere işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Wise-premýer döwlet Baştutanyna bildiren ynamy üçin hoşallyk bildirip, nebitgaz toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen wezipeleri öz wagtynda ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Başga habarlar
16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.


16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.

16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.