Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmegi dowam etmegi tabşyrdy
Geçen penşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli wajyp meselelere we milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudaklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň netijeleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyzda durnukly ykdysady we syýasy ýagdaýyň hem-de degişli kanunçylyk binýadynyň Türkmenistanyň daşary ýurtly maýadarlar üçin özüne çekijiliginiň artýandygynyň esasy şertleriniň biridigi nygtaldy.
Foruma gatnaşyjylar ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda gazanylan üstünlikler, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalary bilen tanyşdyryldy. Çykyşlar Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek, türkmen tebigy gazynyň iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de energiýa serişdelerini we gazhimiýa önümlerini halkara bazarlara çykarmagyň ygtybarly we durnukly ulgamyny döretmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisini gurmagyň taslamasy ýaly meselelere bagyşlandy.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek üçin ýurdumyzda giň gerimli taslamalaryň amala aşyrylýandygyny, pudagyň önümçilik kuwwatyny has-da artdyrmak boýunça zerur şertleriň döredilýändigini nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany tebigy serişdeleri özleşdirmekde Türkmenistanyň olary rejeli ulanmak, daşky gurşawy goramak barada alada etmek, sebit hem-de ählumumy derejede energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri boýunça möhüm halkara başlangyçlary durmuşa geçirmek babatda görelde görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Döwlet Baştutany ýurdumyzyň energiýa serişdelerini köp möçberde iberýän döwlet hökmünde dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny berkidýändigine ünsi çekip, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna daşary ýurt maýalaryny işjeň çekmek boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.