Habarlar

Halkara taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi Owganystan bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmekde aýratyn orna eýedir

https://ussatnews.com/storage/posts/3209/original-162480b622ea47.jpeg

Owganystan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde bu ýurduň gatnaşmagynda halkara infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi aýratyn orna eýedir. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredow HHR-niň Tunsi şäherinde Owganystan bilen goňşy ýurtlaryň Ministrler derejesindäki üçünji maslahatynda eden çykyşynda belledi.

Öz çykyşynda Ministr R.Meredow nobatdaky duşuşygyň Türkmenistan tarapyndan Owganystanda parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi, bu ýurduň geljekde hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrundaky utgaşykly çemeleşmäniň işlenilip düzülmeginiň mümkinçiligi hökmünde kabul edilýändigini belläp geçdi.

Ministr Owganystanyň gönüden-göni goňşulary bolan alty ýurduň arasyndaky özara hereketleriň geljekde Owganystan boýunça köptaraplaýyn tagallalaryň ilerledilmegine güýçli itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şu nukdaýnazardan, Owganystan bilen syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy nygtaldy.

Owganystanyň gatnaşmagynda energetika, ulag, kommunikasiýalar ýaly ulgamlarda halkara infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi ýagny Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy, Türkmenistandan Owganystana we Pakistana elektrik geçrijisiniň hem-de optiki süýmli aragatnaşyk ulgamynyň çekilmegi, Türkmenistandan Owganystana täze demir ýollaryň gurulmagy aýratyn ähmiýete eýedir.

Duşuşygyň ahyrynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary jemleýji resminamalary kabul etdiler. Hususan hem, Owganystan bilen goňşy ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň üçünji maslahatynyň Bilelikdäki Beýannamasy we Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmek we amaly hyzmatdaşlyk boýunça Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň Tunsi başlangyçlary kabul edildi.

Başga habarlar
16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.


16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.

16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.