Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan ulag we energetikany Hindistan bilen hyzmatdaşlygynyň strategiki ugurlary hökmünde görýär
Türkmenistan ulag we energetika ulgamlaryna türkmen-hindi ykdysady hyzmatdaşlygynyň strategik ugurlary hökmünde garaýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow geçen şenbe güni Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind bilen geçiren gepleşiklerinde belledi.
Ulag ulgamy babatdaky gürrüň, ilkinji nobatda, Hindi ummanyndaky deňiz terminallaryna çykýan Ýewraziýa geçelgelerini döretmek barada barýar.
Türkmenistan çäkleri boýunça Pars aýlagyna, Eýranyň portlaryna, şol ýerden bolsa Hindistana barylýan ýeke-täk örän gysga ýoly üpjün edýän ýurt hökmünde bu ugra uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, Çabahar we Türkmenbaşy Halkara deňiz portlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda göni gepleşikleri guramak teklip edilýär.
Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar ulag geçelgesiniň taslamasyna hem örän möhüm ähmiýet berilýär.
Türkmen tarapy Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň gurluşygyny we ony bellenen möhletlerde tamamlamak üçin bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ynanýar.
Ýurdumyz bu ýerde Hindistanyň düýpli hem-de täsirli garaýşyna, taslama gatnaşyjylaryň ählisiniň işini utgaşdyrmaga, netijeliligini ýokarlandyrmaga uly goşandyny goşmaga taýýardygyna bil baglaýar.
Gepleşikleriň dowamynda Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň hem-de halkara ulag we üstaşyr geçelgeler baradaky Aşgabat Ylalaşygynyň ähmiýeti bellenildi. Belent mertebeli myhman ýokary derejede geçirilen duşuşykda energetika babatda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenendigini nygtap, TOPH gaz geçirijisiniň howpsuzlygy we esasy iş ýörelgeleri bilen baglanyşykly meseleleriň tehniki hem-de bilermenler derejesinde ara alnyp maslahatlaşylyp bilinjekdigini nygtady.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.