Türkmenistanyň Prezidenti ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça möhüm wezipeleri kesgitledi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 5-nji ap¬relde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek bilen baglanyşykly geçiren maslahatynyň dowamynda öňde durýan işleriň esasy ugurlaryny kesgitledi. Ýangyç-energetika toplumyna girýän düzümleriň öňünde anyk maksatlar we wezipeler goýuldy.
Döwlet Baştutanymyz Batyr Amanowy Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellemek hakynda Permana gol çekip, Konserniň tebigy gazy çykarmak boýunça kabul edilen meýilnamany doly ýerine ýetirmelidigini, ilkinji nobatda ýurdumyzyň içerki sarp edijilerini tebigy gazyň zerur mukdary bilen üpjün etmelidigini, ilatly ýerlerde suwuklandyrylan gaz ýangyjynyň bökdençsizligini üpjün etmelidigini aýtdy.
Uglewodorod serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarmak, tebigy gazyň daşarky bazarlara iberilýän möçberini artdyrmak gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitlendi. Şeýle hem gaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça çäreleri görmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Batyr Amanowa işde üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz Guwanç Agajanowy «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy wezipesine belläp, oňa nebit çykarmagyň meýilnamasyny doly ýerine ýetirmek, nebit guýularynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek, täze nebit guýularyny işe girizmek, ýakyn iki ýylda nebitiň goşmaça möçberlerini çykarmak babatda kabul edilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.
Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna özleşdirmek meselesini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna aýratyn üns çekildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz gaýtadan işleýän kärhanalary çig nebit bilen üpjün etmek meseleleriniň wajypdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merdan Rozyýewi «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesine bellemek hakynda Permana gol çekip, häzirki wagtda ýurdumyzda tebigy gazyň ýeterlik gorlarynyň bardygyny nazara almak bilen gözleg-barlag hem-de buraw işlerini esasan, nebitiň gorlaryny artdyrmaga gönükdirmek zerurdyr diýip belledi.
Döwlet Baştutanymyz uglewodorod serişdelerine baý meýdançalarda seýsmiki-gözleg işlerini netijeli dowam etdirmegi, täze nebit ýataklaryny ýüze çykarmagy hem-de özleşdirmegi, ýerasty suwlaryň hemde gaty magdanlaryň gorlaryny artdyrmagy we bu ugurda bar bolan wezipeleriň ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütlerini tapmak meselelerine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň görkezmeleri ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary tarapyndan gymmatly gollanma hökmünde kabul edildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň pudaklaryna ýolbaşçylary belländigi we olara gymmatly maslahatlary berendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek, oňa dünýäniň ösen tejribesini, sanly ulgamy ornaşdyrmak, nebitiň we gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, pudagyň eksport kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak ugrunda degişli tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.