Türkmenistanyň Prezidenti: Balkan welaýatynyň nebitgaz mümkinçiliklerini netijeli işletmeli
14-nji aprelde, penşenbe güni Balkan welaýatyna toý sapary bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onuň barşynda ýurdumyzyň günbatar welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda, şeýle-de degişli hasabatlar diňlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklarynyň hem-de nebitgaz toplumyna bölünip berilýän milli maýa goýumlary öz wagtynda özleşdirmek boýunça wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ýakyn iki ýylda nebitiň goşmaça möçberlerini çykarmak işlerini maliýeleşdirmek üçin “Türkmennebit” döwlet konsernine maliýe goldawyny bermek hakyndaky Kararyna laýyklykda durmuşa geçirilýän işler, şeýle-de birnäçe nebitgaz känlerinde zerur bolan abatlaýyş işlerini geçirmek hem-de degişli enjamlary satyn almak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berildi.
Şunuň bilen baglylykda, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda yglan edilen halkara bäsleşigiň netijeleri barada habar berildi. Oňa laýyklykda, has amatly täjirçilik teklibi kesgitlenildi hem-de degişli şertnamany baglaşmak göz öňünde tutulýar.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Balkan welaýatynyň tebigy baýlyklaryny, nebitgaz gorlaryny rejeli we netijeli ulanmak üçin toplumyň edara-kärhanalarynyň alyp barýan işleriniň, önümçilik ugurlarynyň döwrebaplaşdyrylmalydygyna, häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyryp, nebitiň we tebigy gazyň düýpli işlenmegini üpjün etmelidigine ünsi çekdi.
Hazar deňziniň geljegi uly kenarýaka zolaklarynda gözleg-barlag işlerini çaltlandyrmak, kenarýaka çäklerde täze ýataklary açmak we özleşdirmek boýunça degişli işleri geçirmek, bu işe hususy ulgamy hem-de maýa goýumlary çekmek gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany wise-premýere özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen, şol sanda nebitgaz guýularynyň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda tejribe alyşmagy tabşyryp, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça çäreleri dowam etmek bilen baglanyşykly birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.