Habarlar

Hormatly Prezidentimiz “Balkan” gämigurluşyk we gämi abatlaýyş zawodyna bardy

https://ussatnews.com/storage/posts/3300/original-16259698e93f4e.jpeg

14-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna amala aşyran saparynyň çäklerinde “Balkan” gämigurluşyk we gämi abatlaýyş zawodyna bardy.

Ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň täze, häzirki zaman önümçilik düzümi bolan bu zawod Balkan welaýatynda gämi gurluşyk işlerini işjeň amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri açdy. Bu ýerde gämi gurluşygy bilen bir hatarda, tankerleri, gury ýük gämilerini, tirkegleri hem-de beýleki gämileri abatlamak boýunça işleriň doly toplumy geçirilýär.

10 müň tonna polady işlemäge niýetlenen bu zawodda öňdebaryjy tehnologiýalaryň we häzirki zaman awtomatlaşdyrylan ulgamyň ornaşdyrylandygyny bellemek gerek. Mundan başga-da, toplumyň kuwwatlylygy ýylda 4 — 6 gämini gurmaga, şeýle-de 20 — 30 gämide abatlaýyş işlerini hem-de tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berip, olar ýerli hünärmenler tarapyndan amala aşyrylýar.

Halkara deňiz portunda alnyp barylýan işler Türkmenistanyň Merkezi Aziýada üstaşyr ulag geçelgesi hökmündäki ornunyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Ýurdumyzyň ulag-logistika düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagy Ýewraziýa giňişliginde durnukly ösüşi hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar, munuň özi köp asyrlaryň dowamynda ýurtlary we halklary birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň täze görnüşde gaýtadan dikeldilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gämi gatnawlarynyň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmeginiň ulag hyzmatlaryny ösdürmekde ägirt uly ähmiýete eýedigini nygtap, port hojalygynyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen maksatlaýyn çäreleriň geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Türkmenistanyň deňiz derwezesi diňe bir deňiz gatnawlarynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, tutuş Ýewraziýa giňişliginde ýük akymlaryny işjeňleşdirmäge ýardam edýär.

Başga habarlar
16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.


16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.

16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.


16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.