Serdar Berdimuhamedow Awazada dynç alyş möwsümine ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi
14-nji aprelde, günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow egindeşleri bilen Hazaryň kenaryndaky gözel künjekde welosipedli gezelenç etdi. Bellenilişi ýaly, dynç alşyň ýokary halkara derejesini özünde jemleýän Awaza halkymyzyň uly höwes bilen dynç alýan hem-de wagtyny peýdaly geçirýän künjegine öwrüldi.
Döwlet Baştutanymyz tomusky dynç alyş möwsüminiň ýakynlap gelýändigini belläp, oňa ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunda altynsow çägeli kenar, ýakymly suwy bolan deňiz, bereketli Gün şöhlesi, ekologik taýdan arassa gurşaw adamlaryň saglygynyň berkidilmegini, ruhubelentligiň we işjeň durmuş ýörelgeleriniň baş şertini emele getirýär.
Döwlet Baştutanymyz welosipedli ýörişiň dowamynda Awazanyň ekologik abadançylygyna aýawly garamak, onuň çäklerinde täze tokaý zolaklaryny döretmek bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow egindeşleri bilen bilelikde “Awaza” köpugurly sport toplumyna geldi. Toplumda dürli sport maşklaryny ýerine ýetirmek, olaryň dürli görnüşleri boýunça türgenleşikleri geçirmek üçin ähli zerur şertler döredildi, bu ýerde gurnalan sport enjamlary sportuň köp görnüşleri boýunça türgenleşikleri geçirmäge mümkinçilik berýär.
Döwlet Baştutanymyzyň egindeşleri özara toparlara bölünip, sport bäsleşiklerini guradylar. Munuň özi ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkidilmegine toplumlaýyn esasda çemeleşilýändiginiň, onuň tarapdarlarynyň sanynyň yzygiderli artýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Hazaryň kenarynda geçirilen sport çäresinden soňra, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň ählumumy hem-de yzygiderli häsiýete eýe bolmagy babatda degişli işleriň geçirilmeginiň möhümdigini belledi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.