Habarlar

Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyz bilen bilelikde atasy Mälikguly aganyň belli güni mynasybetli sadaka berdi

https://ussatnews.com/storage/posts/3320/original-1625f0eaed683e.jpeg

18-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyz bilen bilelikde aýlaryň iň ýagşysy hasaplanýan mübärek Remezan aýynda paýtagtymyzdaky hajy Arkadagymyzyň tagallasy esasynda gurlan Hezreti Omar metjidinde atasy Mälikguly aganyň belli güni mynasybetli sadaka berdi.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz sadaka gatnaşyjylar bilen mähirli salamlaşyp, döwletimizde raýatlarymyzyň milli däplerimizi berjaý etmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini, olaryň ýurdumyzdaky mukaddes ýerlere zyýarat edip, metjitlere baryp, dini dessurlarymyzy we adatlarymyzy berjaý edýändiklerini belledi.

Arkadagly Serdarymyz şu gün hem halkymyzyň mukaddes däplerine eýerip, atasy Mälikguly Berdimuhamet oglunyň belli gününiň sadakasyny berýändigini, bu senäniň mukaddes Remezan aýyna gabat gelendigini nygtady we hormatlap gelendikleri üçin sadaka gatnaşýanlaryň ählisine taňryýalkasyn aýtdy.

Türkmenistanyň müftüsi merhumyň ruhuna bagyşlanyp berilýän sadakanyň hormatyna tebärek çykdy.

Soňra agzaçar wagtynyň gelmegi bilen, sadaka gatnaşyjylara nahar çekildi. Asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlara laýyklykda, olara milli tagamlar hödür edildi. Munuň özi dini adatlar bilen bagly asylly ýörelgeleriň häzirki zamanyň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändiginiň we onuň nesilleriň arabaglanyşygy arkaly dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Nahardan soň, Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okap, berlen sadakanyň, edilen doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.

Aýat-töwir okalandan soň, Arkadagly Serdarymyz sadaka gatnaşanlara ýüzlenip: «Goý, türkmen topragynda hemişe parahatçylyk, agzybirlik we asudalyk bolsun!» diýdi hem-de sadaka gatnaşanlaryň hemmesine ýene-de bir gezek taňryýalkasyn aýtdy.

Başga habarlar
16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.


16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.

16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.


16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.