Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalary

https://ussatnews.com/storage/posts/3338/original-16260f9b069bed.jpeg

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde gözelligiň hem-de kämilligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, dünýä döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, özara bähbitli tejribeleri alyşmak boýunça köp işler ýerine ýetirilýär. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary hem atçylygy ösdürmekde, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmakda we olaryň tohum arassalygyny gorap saklamakda netijeli işleri alyp barýarlar.

Atçylygy ösdürmäge goşan saldamly goşantlaryny, türkmeniň milli baýlygy we guwanjy bolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde hem-de olaryň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny gorap saklamakda bitiren hyzmatlaryny, gazanan ýokary netijelerini, hünär ussatlyklaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Şu daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmaly:

Özbegistan Respublikasynyň «Uzbegim» ahalteke atçylyk hojalygynyň başlygy Awaz Hamitowiç Ismoilowa,

Ýaponiýanyň «Akhal-teke Affinity Co.LTD» hojalyk jemgyýetiniň baş direktory Miçiko Aoe.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 20-nji apreli.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Türkmeniň baýlygy we guwanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atçylyk pudagyny ösdürmekde, atlary ösdürip ýetişdirmekde, olaryň baş sanyny artdyrmakda, ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny gorap saklamakda hem-de ýokarlandyrmakda gazanan uly üstünlikleri we ýokary netijeleri üçin, şeýle-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmaly:

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň seýisçilik bölüminiň seýsi Şirmyrat Kakamyradowiç Agamyradowa,

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň seýisçilik bölüminiň seýsi Salyh Nuraliýewiç Rahymowa,

Aşgabat şäherinden hususy atşynas Baýmyrat Aşyrowa,

Balkan welaýatyndan hususy atşynas Kerimberdi Ýegengylyjowa,

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň «Baýdak» daýhan birleşiginiň kärendeçisi, hususy atşynas Şukur Dädişowiç Seýlibaýewe,

Lebap welaýatyndan hususy atşynas Şamurat Gündogdyýewe,

Mary welaýatyndan hususy atşynas Yhlas Hojageldiýewiç Potraýewe.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 20-nji apreli.

* * *

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmak we atşynaslyk sungatyny ösdürmek hem-de Ýer ýüzünde atşynaslaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, assosiasiýanyň agzalarynyň sanyny artdyrmak, bu ugurda öňdebaryjy tejribeleri atçylyk pudagyna giňden ornaşdyrmak maksady bilen, şeýle hem assosiasiýanyň Müdiriýetiniň teswirnamasyna laýyklykda, assosiasiýanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kararlara gol çekdi. Resminamalara laýyklykda,

— Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna daşary ýurtlaryň degişli raýatlaryny kabul etmek;

— Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna Türkmenistanyň degişli raýatlaryny kabul etmek;

— Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ХIII mejlisini 2023-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde geçirmek bellenildi.

* * *

“Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda,

ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Nurberdi Begmyradowiç Meredow Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi;

ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Gaýgysyz Orazmyradowiç Toparow Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň prokurory wezipesine bellenilip, ol Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;

ýustisiýanyň geňeşçisi Begenç Ýazmuhammedowiç Gurbangulyýew Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň prokurory wezipesine bellenilip, ol Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;

ýustisiýanyň geňeşçisi Serdar Babajanowiç Çaryýew Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi;

1-nji derejeli ýurist Meýlis Döwletgeldiýewiç Ataýew Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi;

1-nji derejeli ýurist Rüstem Amangeldiýewiç Daňatarow Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi;

ýustisiýanyň geňeşçisi Döwletgeldi Gurbanmämmedowiç Mämmetamanow Mary welaýatynyň Mary şäheriniň prokurory wezipesine bellenildi;

ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Aşirgeldi Baýramsahatowiç Annasahatow Mary welaýatynyň Oguz han etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi;

ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Batyr Rozmyradowiç Artykow Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Perman Allamyradowiç Ataýew Aşgabat şäheriniň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Garýagdy Zülpiýewiç Jumalyýew Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, 1-nji derejeli ýurist Maksat Nurnazarowiç Hudaýgulyýew Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Rahym Akmyradowiç Akmyradow Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Serdar Gurbanow Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Myrat Bäşimowiç Myradow Mary welaýatynyň Mary şäheriniň prokurory wezipesinden boşadyldy;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, 1-nji derejeli ýurist Döwlet Sabyrowiç Çaryýew Mary welaýatynyň Oguz han etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Nagmatnur Kakamyradowiç Kakabaýew Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

Başga habarlar
169c762cd54c7f.jpeg
Nusaý galasynda gezelenç talyp ýaşlarda milli buýsanjy artyrdy

Talyp ýaşlary Watançylyk ruhunda terbiýelemek maksatly yzygiderli guralýan medeni çäreleriň çäklerinde bu gün Halkara senagatcylar we telekeçiler uni wersitetiniň professor-mugallymlarynyă we talyp ýaşlarynyă gatnaşmagynda Nusayyň Parfiýa galalary döwlet medeni-taryhy ýadygärligine gezelenç guraldy.


169c554155d778.jpeg
YLMY ÖSÜŞLER DABARALANÝAR

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde nobatdaky ylmy-usuly maslahaty geçirildi.


169c2d665f3a81.jpeg
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işe girizildi

Tebigatyň janlanýan, daş-töweregiň al-elwan güllere beslenýän günlerinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty — tebigatchy.co.tm işläp başlady. Bu sanly platformanyň işe girizilmegi guramanyň işini döwrebaplaşdyrmakda nobatdaky ädim bolup, ol amala aşyrylýan ekologiýa başlangyçlary baradaky maglumatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

169c161b92c194.jpeg
Uzynadadaky täze önümli guýy

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ruhuna mynasyp işleri bitirmegiň hötdesinden gelýärler.


169c15959053ff.jpeg
Okuw maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde kärdeşler arkalaşyklarynyň işini kämilleşdirmek, döwrüň talabyna laýyk guramak, işleriň dogry alnyp barylmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly amaly-usuly okuw maslahaty geçirildi.