Eziz Diýarymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giň gerimde bellenildi
24-nji aprelde eziz Diýarymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giň gerimde bellenildi. Baýramçylyk mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy wakalar ýaýbaňlandyryldy. Şu günler ýurdumyza ýörite gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow hem bu baýramçylykda hormatly myhman boldy.
Bu ýerde ak öýler dikilip, olar ýurdumyzyň ähli welaýatlaryny hem-de paýtagtymyzy bir saçagyň başyna jemlän görnüşde gadymy türkmen obasyna mahsus durmuş ýagdaýlaryny döredipdir. Bu ýerde gadymy däp-dessurlar janlanýar, zenanlar haly dokaýarlar, el işleri bilen meşgullanýarlar, keçe basýarlar, bagşylar milli saz gurallarynyň owazy astynda aýdym aýdýarlar.
Ýodanyň ugrunda ýaýbaňlandyrylan sergide görkezilýän şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň esasy gahrymanlary deňsiz-taýsyz ahalteke atlarydyr. Bu görnüşler halkymyzyň çeper hünärmentçilik we senetçilik önümlerini: bezeg şaý-seplerini, el işleriniň, haly, dokma, ýüpek, keçe, deri we agaç önümlerini, milli saz gurallaryny, köpöwüşginli sowgatlyklary özünde jemledi.
Bu ýerde türkmenleriň däp bolan egin-eşikleri we başgaplary, hojalykda ulanýan enjamlarynyň, zähmet gurallarynyň nusgalary hem-de beýlekiler görkezilýär. Bularyň ählisi halkymyzyň milli mirasynyň köpdürlüligini beýan etmäge, onuň kalbynyň baýlygyny we zehinini görkezmäge mümkinçilik berdi. Şol gymmatlyklaryň hatarynda atlaryň bezeg şaý-sepleriniň nusgalary bar. Olary taýýarlamaga ussalar uly jogapkärçilik bilen çemeleşip, her bir ownuk zady hem göz öňünde tutýarlar.
Açyk asmanyň astyndaky bu özboluşly sergide ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan etmek boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijileriniň işleri aýratyn orny eýeledi. Ajaýyp atlar haly eserlerinde, özboluşly heýkel kompozisiýalarynda, haşamlama we fotosurat işlerinde şekillendirildi, bedewleriň toý görnüşde bezelmegi üçin ýasalan owadan zergärçilik toplumlary bolsa türkmenleriň bedewlere söýgüsiniň uludygyna şaýatlyk edýär. Şeýle hem bu ýerde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli sport oýunlarynyň birnäçe görnüşleri boýunça bäsleşikler guraldy. Şunda sportuň milli görnüşlerine aýratyn ähmiýet berildi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hormatly myhman bilen bilelikde milli göreşiň aýratynlyklaryny, pälwanlaryň täsirli göreşini synladylar. Bu görnüşler şu günki baýramçylyk mynasybetli dabaralara özboluşly öwüşgin çaýýar. Göreşde ýeňiş gazanan pälwanlara, elbetde, ýörite baýraklar, toý paýlary berilýär. Gadymy türkmen däbine görä, ýeňiş gazanan pälwana ogşuk gowşuryldy. Munuň özi taryhyň dowamynda emele gelen ýagşy dessurlaryň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň baş binasynyň öňünde estrada aýdymçylary hem-de tans toparlary dabara gatnaşyjylary aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary bilen garşyladylar. Dürli halkara sirk sungaty festiwallarynyň kuboklarynyň we baýraklaryň eýesi bolan meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy myhmanlary begendirdi.
Baýramçylyk at çapyşyklarynyň köp sanly tomaşaçylarynyň ünsüniň, tele we foto kameralaryň onlarçasynyň gönügen ýaryşlary iki sagatdan gowrak dowam etdi. Şol ýaryşlar türkmen halkynyň şöhraty we buýsanjy bolan behişdi bedewleriň ýyndamlygynyň özboluşly beýany boldy.
Dürli aralyklara çapyşyklaryň ýedisi geçirildi. Şolara bedewleriň onlarçasy gatnaşyp, özleriniň iň oňat sport häsiýetlerini görkezdiler.
Ilkinji çapyşykda bedewler 1200 metr aralyga maliýe we ykdysadyýet toplumynyň “Polatly” diýen baýragy ugrunda ýaryşdylar. Ilkinji bolup 1 minut 18,4 sekunt netije görkezip, pellehana Dagbedew diýen dor at geldi. Onuň çapyksuwary R.Agamyradow.
Ikinji çapyşyk hem 1200 metr aralyga geçirildi. Nebitgaz toplumynyň “Meleguş” atly baýragyny almak ugrundaky ýaryşa gatnaşan bedewleriň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Artyk diýen dor at ýeňiji bolmagy başardy. Ol özüniň çapyksuwary M.Mämmedow bilen bellenen aralygy 1 minut 18,9 sekuntda geçdi.
Söwda toplumynyň “Gelşikli” baýragy ugrunda 1200 metr aralyga geçirilen üçünji çapyşykda pellehana birinji bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Arka diýen gurt mele at geldi. Üçünji derejeli çapyksuwar M.Agamyradowyň çapan bedewi 1 minut 20,5 sekunt wagt görkezdi.
Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Ýanardag” baýragyny almak ugrundaky çapyşyk 1400 metr aralyga geçirildi. Şunda pellehana ilkinji bolup Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň “Bäherden” atçylyk hojalygynyň Ýagmyr diýen dor aty gelmegi başardy. Çapyksuwar J.Hydyrowyň erk eden aty 1 minut 31,8 sekunt wagt bilen geldi.
Gurluşyk we senagat toplumynyň “Pereň” baýragyna eýe bolmak ugrunda geçirilen bäşinji çapyşykda bedewler 1400 metr aralyga güýç synanyşdylar. Şonda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine degişli Gadam diýen dor at ýeňiji boldy. Onuň netijesi 1 minut 34 sekunda deň boldy. Gadamyň çapyksuwary O.Berdiýew.
Altynjy çapyşyk oba hojalyk toplumynyň “Garader” diýen baýragyny almak ugrunda 1400 metr aralyga geçirildi. Bu ýaryşda Dordepel diýen dor at birinji orna mynasyp boldy. Ikinji derejeli çapyksuwar Y.Saparowyň çapan aty bellenen aralygy 1 minut 29 sekuntda geçdi.
Jemleýji ýedinji çapyşyk hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Akhan” diýen baş baýragyna hem-de göçme kubogyna eýe bolmak ugrunda dartgynly ýagdaýda geçdi. 1600 metr aralyga geçirilen bu ýaryşda pellehanadan ilkinji bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Bezirgen diýen bedew geçmegi başardy. Ussat çapyksuwar B.Agamyradowyň erk eden aty 1 minut 44,4 sekunt wagt görkezdi.
Çapyşyklaryň arasynda aýdym-sazly çykyşlar guraldy. Tomaşaçylar şöhratly geçmişimizi hem-de häzirki döwrüň ägirt uly özgertmelerini aýdymdyr sazlarynda wasp eden bagşylaryň we sungat ussatlarynyň çykyşlaryndan lezzet aldylar.
Hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolmagynyň dowamynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurtly işewürler bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Şolaryň hatarynda “Altkom” maliýe-senagat toparynyň başlygy Aleksandr Tislenko, Ukrainanyň “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petruk we “Ýugneftegaz” kompaniýasynyň direktory Igor Burkinskiý bar.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn duşuşyklaryň barşynda işewürleri mübärekläp, parahatçylygyň, dostlugyň hem-de özara düşünişmegiň ýurdy bolan Türkmenistanda geçirilýän baýramçylyklara we beýleki çärelere hemişe gatnaşýandyklary üçin olara minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn duşuşyklaryň barşynda öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň Türkmenistanyň amala aşyrýan, iň oňat dünýä tejribesini hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilen durmuş-ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.
Myhmanlar duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy ahalteke atlarynyň deňsiz-taýsyz gözelliginiň we ajaýyplygynyň şanyna geçirilýän baýramçylyk bilen mähirli gutladylar hem-de berk jan saglyk, abadançylyk, türkmen halkynyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.
“Altkom” maliýe-senagat toparynyň başlygy Aleksandr Tislenko bilen geçirilen ikitaraplaýyn duşuşygyň barşynda ulag ulgamyny ösdürmek boýunça bilelikde işlemegiň köpýyllyk tejribesi göz öňünde tutulyp, mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy.
Döwlet Baştutanymyz Ukrainanyň “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygynyň dowamynda Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmegiň we abadanlaşdyrmagyň konsepsiýasynyň bilelikde ýakyndan işlemegi dowam etmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtap, türkmen tarapynyň bildirýän hemişelik talaplaryna ünsi çekdi. Şolaryň esasylary gurlanda täzeçil inženerçilik-tehniki çözgütleriň ulanylmagy zerur bolan desgalaryň gurluşygynyň ýerine ýetirilmeli möhletiniň we hiliniň berk berjaý edilmeginden ybaratdyr.
“Ýugneftegaz” kompaniýasynyň direktory I.Burkinskiý bilen söhbetdeşligiň çäklerinde ýurdumyzda nebitgaz ulgamynda amala aşyrylýan ugurdaş taslamalar we maksatnamalar bilen baglylykda, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada pikir alyşmalar boldy. Şeýle hem işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň türkmen hyzmatdaşlaryna, şol sanda seýsmologiýada öz ähli tejribesini we mümkinçiligini hödürlemäge taýýardygyny tassyklady.
Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň ahyrynda işewürler işlerinde berilýän ägirt uly goldaw üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de ýolbaşçylyk edýän iri kompaniýalarynyň jogapkärli tabşyryklary ýokary hili we öz wagtynda ýerine ýetirmek ugrunda mundan beýläk-de ähli tagallalary edip, Türkmenistanyň ykdysady ösüşine goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdylar.
Şu günki dabaralaryň çäklerinde baýramçylyk çapyşyklarynyň, şu hepde geçirilen uzak aralyga atly ýörişiň hem-de konkur boýunça ýaryşlaryň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly baýraklaryň gowşurylyş dabarasy boldy.
Uzak aralyga guralan atly ýörişiň ýeňijisi Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Meşhur diýen bedew boldy. Ol çapyksuwary O.Annaýew bilen iň oňat wagty — 2 sagat 41 minut 58 sekunt görkezdi. Barha uly meşhurlyga eýe bolýan atly sportuň konkur görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda Türkmenistanyň Atly sport federasiýasyna degişli bolan Toýçy diýen at birinji orny eýeledi. Onuň çapyksuwary N.Beglarýan.
Soňra şu günki çapyşyklaryň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Olara ýokarda agzalan baýraklar, gymmat bahaly sowgatlar hem-de uly möçberli pul serişdeleri gowşuryldy. Mundan başga-da, jemleýji çapyşygyň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň göçme kubogy we diplom berildi.
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaraly çäreler eziz Diýarymyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda-da geçirildi. Olaryň maksatnamasyna konsertler, sergiler, edebi-sazly we şygryýet agşamlary, ýurdumyzyň atşynaslaryny hem-de seýislerini sarpalamak çäreleri girizildi.
«Türkmennebit» DK SNGIZ-niň maddy-üpjünçilik binýadyny pugtalandyrmak üçin degişli işleri geçirmäge ygtyýar berildi
21-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.
Gazçylaryň ýaş türgenleri ynamly ýeňiş gazandy
Ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 19-njy noýabryndan 5-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebi tarapyndan Halkara bitaraplyk güni mynasybetli 2010 — 2014-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi.
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan Işlemek başarnyklary boýunça trening geçirdi
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça gatnaşyjylar üçin trening meýilnamasyny üstünlikli tamamlady. Trening meýilnamasy 2-7 dekabr aralygynda "Ynamly Kepil" koworking merkezinde geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady.