Gahryman Arkadagymyz agtyklary bilen “Aşgabat” söwda we dynç alyş, işewürlik merkezine bardy
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Oraza baýramynyň giňden bellenilýän gününde agtyklary bilen “Aşgabat” söwda we dynç alyş, işewürlik merkezine bardy. Hormatly Arkadagymyz agtyklary bilen söwda we dynç alyş merkeziniň dükanlaryna aýlanyp, bu ýerde söwda etmek, şeýle-de çagalar bilen wagtyňy gyzykly we peýdaly geçirmek, dabaraly çäreleri guramak üçin döredilen ýokary derejeli mümkinçilikler bilen tanyşdy.
Abadanlaşdyrylan ýerleri, ýollary we ýanýodalary, estakada köprüsini, çüwdürimleri, çagalar üçin oýun meýdançalaryny, emeli akabany hem-de ugurdaş gök zolaklary özünde jemleýän merkez şäheriň Tähran köçesiniň ugrunda bina edilen desgalar bilen sazlaşykly gurlan binagärlik toplumydyr.
Gahryman Arkadagymyz toplumyň çagalar üçin niýetlenen söwda bölümlerine aýlanyp, agtyklaryna sowgatlary satyn aldy. Bu ýerde alyjylar we işgärler üçin ähli şertleriň döredilendigini bellemek gerek. Tölegler nagt hem-de nagt däl görnüşde, bank kartlary arkaly amala aşyrylýar. Dükanlarda dürli, şol sanda gündelik isleg bildirilýän harytlaryň, sowgatlyk önümleriň dürli görnüşleri hödürlenilýär. Bu bolsa ilatyň barha artýan isleglerini kanagatlandyrmakda aýratyn möhümdir.
Toplumyň dünýä belli kompaniýalaryň enjamlary we ulgamlary bilen üpjün edilmegi onuň ýokary tehnologik derejesini görkezýär.
Bu ýerde uly dynç alyş we güýmenje bölümi hem ýerleşýär. Onuň düzümine körpeler we uly ýaşly çagalar üçin niýetlenen oýun zolaklary girýär. Attraksionlaryň we oýun awtomatlarynyň örän köpdürlüligi haýran galdyrýar. Çagalar olarda uly höwes, şatlyk bilen oýnaýarlar. Toplumyň oýunlar ulgamynda örän gyzykly hem-de özüne çekiji täze enjamlar bar. Şolaryň häzirki zamanyň täzeçil usullary, sanly ulgam arkaly dolandyrylmagy çagalaryň hem, uly ýaşlylaryň hem ünsüni özüne çekýär.
Gahryman Arkadagymyzyň agtyklary bu ýerde döredilen güýmenje merkeziniň dürli bölümlerinde uly şatlyk bilen oýnadylar. Häzirki zaman ylmynyň we durmuş tejribesiniň görkezişi ýaly, döwrüň ösen tejribesi esasynda hereket edýän güýmenje merkeziniň her bir enjamy çagalaryň ukyplaryny, aň-düşünjelerini ösdürmekde ähmiýetlidir. Munuň özi ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň okamagy, sazlaşykly ösmegi hem-de şadyýan dynç almagy üçin döwlet derejesinde alada edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Merkezde filmlere tomaşa etmek üçin kinoteatr, billiard we bouling meýdançalary bar. Umuman, bu ýerde çagalaryň boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Binanyň gatlarynda galyp-düşmek üçin basgançaklardan hem-de eskalatorlardan başga-da, daş-töweregi synlamaga mümkinçilik berýän adaty liftler ulanylýar. Bu görnüşler Diýarymyzda körpe nesilleriň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegi üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meselelere döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýändigini görkezýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek, onuň hil derejesini ýokarlandyrmak, ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky alada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz agtyklary bilen bilelikde toplumyň çaýhanasyna geldi. Bu ýerde özboluşly usulda taýýarlanan milli tagamlar hem hödürlenilýär. Süýji tagamlary halaýanlar çaý başynyň bezegi bolan dürli süýjülikleri satyn alyp bilýärler.
Hormatly Arkadagymyz agtyklary bilen söhbetdeşlikde olaryň okuwlary, öwrenýän dersleri bilen gyzyklandy. Süýji nygmatlar bilen çaý içýän çagalar okuwlary, aýratyn höwes edýän ugurlary barada atasyna gürrüň berdiler. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklarynyň jogaplaryndan hoşal bolup, olaryň gyzyklanmalaryna, höweslerine guwandy.
Bu gün halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden myhmansöýerlik däpleri täze öwüşgine eýe bolup, hyzmat hem-de söwda ulgamyndaky innowasiýalary özünde jemleýär. Söwda-dynç alyş we işewürlik merkezinde işewürligi, söwdany, dynç alşy utgaşdyrmaga ýardam berýän amatly mümkinçilikleriň döredilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.
Nusaý galasynda gezelenç talyp ýaşlarda milli buýsanjy artyrdy
Talyp ýaşlary Watançylyk ruhunda terbiýelemek maksatly yzygiderli guralýan medeni çäreleriň çäklerinde bu gün Halkara senagatcylar we telekeçiler uni wersitetiniň professor-mugallymlarynyă we talyp ýaşlarynyă gatnaşmagynda Nusayyň Parfiýa galalary döwlet medeni-taryhy ýadygärligine gezelenç guraldy.
YLMY ÖSÜŞLER DABARALANÝAR
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde nobatdaky ylmy-usuly maslahaty geçirildi.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işe girizildi
Tebigatyň janlanýan, daş-töweregiň al-elwan güllere beslenýän günlerinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty — tebigatchy.co.tm işläp başlady. Bu sanly platformanyň işe girizilmegi guramanyň işini döwrebaplaşdyrmakda nobatdaky ädim bolup, ol amala aşyrylýan ekologiýa başlangyçlary baradaky maglumatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Uzynadadaky täze önümli guýy
«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ruhuna mynasyp işleri bitirmegiň hötdesinden gelýärler.
Okuw maslahaty geçirildi
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde kärdeşler arkalaşyklarynyň işini kämilleşdirmek, döwrüň talabyna laýyk guramak, işleriň dogry alnyp barylmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly amaly-usuly okuw maslahaty geçirildi.