Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti: nebitgaz toplumyna bölünip berlen maýa goýumlaryny özleşdirmek işini güýçlendirmeli

https://ussatnews.com/storage/posts/3436/original-16272b9dec1430.jpeg

Geçen hepdäniň anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol sanda uglewodorod çig malynyň önümçiligini artdyrmak maksady bilen nebitgaz pudagyna goýlan maýa goýumlaryny özleşdirmek işini güýçlendirmek meselesine garaldy.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýakyn ýyllarda nebitiň we tebigy gazyň goşmaça möçberlerini çykarmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

“Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernlerine hem-de “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna ýakyn iki ýylda nebitiň we tebigy gazyň goşmaça möçberlerini çykarmak boýunça işleri maliýeleşdirmek üçin maliýe goldawyny bermek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berildi.

“Türkmengaz” hem-de “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan nebitgazly känlerde alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Wise-premýer gaz känleriniň birnäçesinde abatlaýyş işlerini geçirmek üçin degişli enjamlary satyn almak barada şertnamalary baglaşmak maksady bilen geçirilýän çäreler barada hem aýtdy.

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan ýakyn ýyllarda birnäçe meýdançalarda tebigy gazyň we nebitiň gazylyp alnyşynyň möçberini artdyrmak bilen baglanyşykly barlag guýularyny gazmak işleri meýilleşdirilýär. Bu işleri ýerine ýetirmek üçin bölünip berlen maýa goýumlaryň hasabyna zerur enjamlary we serişdeleri satyn almak boýunça geçirilen bäsleşikleriň netijeleri, degişli şertnamany baglaşmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berildi.

Prezidentimiz hasabaty diňläp, täze, geljegi uly känleri hem-de gatlaklary ýüze çykarmak, hereket edýänlerini döwrebaplaşdyrmak arkaly nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan we gaýtadan işlenilýän möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýangyç-energetika toplumynyň yzygiderli diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginiň, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, bölünip berlen maýa goýumlary öz wagtynda özleşdirmek baradaky meýilnamany bellenilen möhletinde ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Başga habarlar
16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.


16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.

16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.


16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.