Türkmenistanyň Baş prokuraturasy korrupsiýa hem-de parahorluk bilen bagly jenaýat işlerini derňedi

16:41 06.05.2022

https://ussatnews.com/storage/posts/3447/original-162750970591c4.jpeg

5-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Baş prokuror B.Atdaýew Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde korrupsiýa hem-de parahorluk bilen bagly ýol berlen jenaýat işleri boýunça geçirilen derňewleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Ýakynda Ahal welaýatynyň, Aşgabat şäheriniň söwda bölümlerinde, dükanlarynda geçirilen barlag-seljerme işleriniň netijesinde yhlasly daýhanlaryň halal zähmetinden döräp, halkymyzyň rysgaly hasaplanýan ak uny, ösümlik ýagyny açyk söwdadan gizläp, gymmat bahadan satyp, baýamak islän adamlaryň hyýanatçylykly etmişleriniň üsti açyldy.

Ýurdumyzyň Baş prokurorynyň çykyşyndan görnüşi ýaly, jogapkärli wezipäni eýeläp, ondan hyýanatçylykly peýdalanýan adamlar bagyşlap bolmajak jenaýat edipdirler. Ahal welaýat alyjylar jemgyýetiniň birleşiginiň başlygy wezipesinde işlän R.Durdynazarow özüniň wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatçylykly peýdalanyp, aýratyn uly möçberde para almak, korrupsiýa, gulluk galplygy, ynanylan emlägiň eýelenmegi ýa-da harç edilmegi we bikanun ýol bilen edinilen pul serişdelerini we başga emlägi kanunlaşdyrma ýaly jenaýatlara baş goşupdyr.

Şeýlelikde, R.Durdynazarow eden bikanun hereketleri zerarly, jenaýat jogapkärçiligine çekilip, ol kazyýetiň hökümi bilen 20 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Büzmeýin alyjylar jemgyýetiniň başlygy wezipesinde işlän R.Bäşimow wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatçylykly peýdalanyp, aýratyn uly möçberde para almak, para bermek, gulluk galplygy, sarp edijileri aldamak ýaly agyr netijelere getirýän jenaýatlary edipdir we söwda düzgünleriniň bozulmagyna ýol beripdir.

Jenaýat jogapkärçiligine çekilen R.Bäşimow kazyýetiň hökümi bilen 20 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Şeýle hem Büzmeýin alyjylar jemgyýetiniň Büzmeýin hojalyk hasaplaşygyndaky bazarynyň direktory wezipesinde işlän G.Babaýew wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, aýratyn uly möçberde para almak, gulluk galplygy, ynanylan emlägiň aýratyn uly möçberde ogurlanmagy, sarp edijileri aldamak ýaly agyr netijelere getirýän jenaýata baş goşupdyr.

Şeýle jenaýatlary edip, söwda düzgünleriniň bozulmagyna ýol beren G.Babaýew kazyýetiň hökümi bilen 20 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Mundan başga-da, agyr jenaýat edenlere şärik bolan Ahal welaýat alyjylar jemgyýetiniň birleşiginiň söwda bölüminiň başlygy wezipesinde işlän Ç.Atdaýew ýurdumyzyň Jenaýat kodeksiniň degişli maddalary esasynda jenaýat jogapkärçiligine çekildi we kazyýetiň hökümi bilen 8 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Büzmeýin hojalyk hasaplaşygyndaky bazaryň gözegçisi wezipesinde işlän H.Aşyrow eden etmişleri zerarly, jenaýat jogapkärçiligine çekildi we kazyýetiň hökümi bilen 15 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Haram işlere baş goşan adamlara şärik bolan Büzmeýin alyjylar jemgyýetiniň ammar müdiri wezipesinde işlän M.Abdullaýew gulluk galplygy, para almak, para bermek ýaly jenaýatlary edip, jenaýat jogapkärçiligine çekildi we ol kazyýetiň hökümi bilen 20 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Halal işlemegiň ýerine galplyk bilen baýamagy maksat edinen adamlara şärik bolýanlaryň bardygy gynançly ýagdaýdyr. Şeýlelikde, Büzmeýin alyjylar jemgyýetiniň işçisi wezipesinde işlän M.Goşunow, jemgyýetiň 1-nji dükanynyň satyjysy wezipesinde işlän B.Zahirow, 3-nji dükanyň müdiri wezipesinde işlän Y.Meredow, şol jemgyýete degişli 4-nji dükanyň müdiri wezipesinde işlän Ý.Seýdalyýew, Büzmeýin alyjylar jemgyýetiniň ekspeditory wezipesinde işlän Y.Zahyrow, mundan başga-da, raýatlar A.Sähetmyradow, B.Ataýew, R.Çopanow dagynyň eden etmişleri üçin, kazyýetiň hökümi bilen olaryň her biri 8 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, korrupsiýa, parahorluga garşy göreşmek boýunça döwlet syýasatynyň alnyp barylýandygyny belledi. Bu syýasat raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, ýurdumyzyň howpsuzlygyny korrupsiýadan gelip çykýan howplardan goramaga, şeýle-de döwlet edaralarynyň wezipeli adamlarynyň netijeli işini üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýöne, gynansak-da, “Süri agsaksyz bolmaz” diýlişi ýaly, kähalatlarda öz gara nebsini öňe sürüp, haram eklenjiň yşgyna düşüp, kanunçylygy bozýan parahorlar hem tapylýar.

Döwletiň we halkyň emlägini ogurlan bu doýmaz-dolmaz, parahor jenaýatkärleriň diňe özleri masgara bolman, eýsem, öz maşgalalarynyň, dogan-garyndaşlarynyň hem ýüzlerini ýere salýarlar, şeýdip, olary il içinde biabraý edýärler. Elbetde, bular ýaly korrupsiýa baş goşan, parahor adamlar öz eden etmişleri üçin hökman kanunyň öňünde jogap bererler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Jemgyýetimizde bular ýaly jenaýatkär adamlara hiç haçan orun bolmaz! Halkyň, döwletiň emlägini ogurlamaga, haramlyk bilen gazanç etmäge hiç kimiň haky ýokdur diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy geljekde-de halkyň we döwletiň emlägine göz gyzdyryp, haramlyk edýän şular ýaly jenaýatkärlere garşy göreşiň alnyp baryljakdygyny, korrupsiýanyň we parahorlugyň köki-damary bilen soňuna çykmak boýunça ähli zerur çäreleriň görüljekdigini ýene-de bir gezek ýatlatdy.

Biziň döwletimiziň korrupsiýa, parahorluga garşy göreşmäge, ony ýüze çykarmaga ähli mümkinçilikleri bar. Şonuň üçin-de, şeýle ýagdaýlar bilinmez diýip hiç kim pikir etmesin. Korrupsiýa, parahorluga baş goşýan adamlara kanun esasynda örän berk we aýgytly çäre görler. Olara hiç hili geçirimlilik bolmaz diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, öz ýolbaşçylyk edýän edaralarynyň ygtyýarlyklaryna laýyklykda, korrupsiýany we parahorlugy ýüze çykarmak, olaryň öňüni almak hem-de netijelerini aradan aýyrmak, şeýle-de bu ugurda günäkär adamlary jogapkärçilige çekmek boýunça alyp barýan işlerini mundan beýläk-de has güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Biz döwletiň, halkyň, il-günüň emlägine göz dikip, haram ýollar bilen baýamaga synanyşýan jenaýatkärlere hiç haçan göz ýumup bilmeris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Korrupsiýa we parahorluga garşy alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de güýçlendirmek üçin prokuratura, kazyýet we adalat edaralary milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamalydyr hem-de degişli tertipde hödürlemelidir.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenaýatkärleriň haram ýol bilen gazanan emläkleriniň we pullarynyň döwletiň haýryna geçiriljekdigini, bularyň ýurdumyzda durmuş maksatly binalary we desgalary gurmak üçin ulanyljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, goranmak ministrine döwletiň haýryna geçirilen şol emläkleriň hem-de pullaryň niýetlenen maksatlar üçin ulanylyşyna degişli harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan gözegçiligi üpjün etmek tabşyryldy.

Başga habarlar
1664489665cc7e.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

14-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Bergeri kabul etdi.


166443f55bfe6e.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisine gatnaşyjylary gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisine gatnaşyjylary gutlady.


1664476ba4b6fc.jpeg
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

14-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Berger bilen duşuşdy, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

16643b11c585cb.jpeg
Türkmenistanyň DIM-inde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy

13-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakalanyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berdi.


166434912cd21a.jpeg
«Arkadag» futbol topary «Ahal» toparynyň ýeňişli ýoluna böwet boldy

2024-nji ýylda geçirilýän Türkmenistanyň çempionatynyň ýokary ligasynyň toparlarynyň arasynda «Arkadag» toparynyň oýunçylary 11-nji gezek ýeňiş gazandylar, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.