Türkmenistan dünýäde pandemiýa bilen bagly ýagdaýlaryň peselip başlandygy sebäpli öňüni alyş çärelerini tapgyrlaýyn gowşadýar
6-njy maýda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer S.Toýlyýew döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 29-njy aprelinde sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Dünýäde pandemiýa bilen bagly ýagdaýlaryň peselip başlandygy we köp döwletlerde öňüni alyş çäreleriniň tapgyrlaýyn gowşadylandygy barada Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň täzelikleri düýpli öwrenildi.
Şunuň bilen baglylykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň hünärmenleri Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň mejlisini hepdede bir gezek geçirmegi we şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, ulaglaryň ähli görnüşlerinden hem-de ýapyk binalardan başga ýerlerde agyz-burun örtüklerini aýyrmagy teklip edýärler.
Şeýle hem dünýäde СOVID-19 ýokanjyna garşy öňüni alyş sanjymlarynyň gurşawynyň ýokarydygyny göz öňünde tutup, BAE we GFR-iň Frankfurt şäherine howa gatnawyny hepdede bir gezek, pandemiýadan ozalky alnyp barlyşy ýaly ýola goýmak teklip edildi.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümi şu ýylyň 15-nji maýyndan başlanar.
Döwlet Baştutanymyz teklipleri makullap, halkymyzyň saglygyny we abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, zerur bolan öňüni alyş çärelerini geçirmek arkaly bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegiň wajypdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz ýakyn wagtda okuwçylaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň, raýatlaryň zähmet rugsady döwrüniň başlanýandygyna ünsi çekip, türkmenistanlylaryň göwnejaý dynç almagyny üpjün etmek maksady bilen, jogapkär adamlaryň ählisine “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalary we dynç alyş-sagaldyş merkezlerini, beýleki şypahanalary, ähli welaýatlardaky, Aşgabat şäherindäki çagalar dynç alyş ýerlerini tertibe salmagy tabşyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz dynç almak üçin Awaza, şeýle-de beýleki şypahanalara gelmegi Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň tekliplerine laýyklykda ýola goýmagyň wajypdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe ýüzlenip, 25-nji maýdan başlap, ýurdumyzyň içinde howa gatnawlaryny açmagyň, ähli welaýat merkezlerinden Türkmenbaşy şäherine howa gatnawlaryny guramagyň zerurdygyny aýtdy we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.